Sepleriň elýeterliligi

​Odesa: Protestçiler tussaghana geçirildi


Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow ýakynda Odesada bolan ýowuzlyklarda tussag edilen 42 adamyň Ukrainanyň merkezindäki tussaghanalara geçirilendigini habar berýär.

Gürrüňi edilýän tussaglaryň tussaghana geçirilýändigi baradaky maglumat Russiýa tarapdary 60-dan gowrak tussag azatlyga goýberilenden bir gün soň, ýagny 5-nji maýda yglan edildi. Bu waka tussaglaryň boşadylmagyny talap edip, 2 müň çemesi adamyň üýşmeleňi ýurduň günortasyndaky Odesa şäheriniň merkezi polisiýa edarasyna hüjüm etmeginiň yz ýany bolup geçdi.

2-nji maýda köçelerde bolan çaknyşyklardan gaçyp, bukulan binalarynyň içinde dörän ýangyn sebäpli Russiýa tarapdary protestçileriň 40-dan gowragy öldi. Russiýa tarapdary we Kiýew tarapdary protestçileriň arasynda bolan köçe çaknyşyklarynda başga-da azyndan dört adam ýaralandy.

Awakow tussaglaryň ýowuzlyklary öjükdirenleriň arasynda bolandygyny aýdyp, olaryň “biabraýçylykly” boşadylmagy bilen bagly “gahar-gazabyny” beýan etdi.
Bu aralykda Iwan Katerynçuk 5-nji maýda Odesanyň polisiýa bölüminiň başlyklygyna bellenildi.
XS
SM
MD
LG