Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Rus aktrisasy Samoilowa öldi


Sowet döwrüniň rus kinoýyldyzy Tatýana Samoilowa aradan çykdy. Ol özüniň “Letýat žurawli”, ýagny “Durnalar uçýar” we “Anna Karenina” atly kinofilmlerde ýerine ýetiren roly bilen tanalýar.

Russiýanyň kinomatografistler bileleşiginiň beren maglumatyna görä, Samoilowa 5-nji maýda Moskwanyň keselhanasynda aradan çykypdyr. Ol bu keselhanada ýürek näsazlyklary sebäpli bejergi alýardy.

Samoilowa ýakynda 80 ýaşapdy. Ol “Letýat žurawli”, ýagny “Durnalar uçýar” atly kinofilmde ýerine ýetiren Weronika roly bilen meşhurlyga eýe bolupdy. Bu kinofilmde II-nji jahan urşunyň başlanmagy bilen aýra düşen tragiki söýgi hekaýasy beýan edilýär.

Şeýle-de, bu kinofilm 1958-nji ýylda Kan film festiwalynda “Palme d'Or” baýragyna eýe bolupdy. Bu abraýly baýraga mynasyp bolan Russiýanyň ilkinji we ýeke täk kinofilmidir.

Şeýle-de, Samoilowa “Anna Kareninanyň” 1967-nji ýylda düşürilen kino görnüşinde ýerine ýetiren roly bilen hem meşhurlyga eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG