Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Slowýanskda agyr çaknyşyklar boldy


Ukrainanyň gündogaryndaky Slowýansk şäheriniň çetinde agyr çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakowa salgylanyp berilýän maglumata görä, gürrüňi edilýän şähere kontrollyk edýän Russiýa tarapdary söweşijiler bilen ukrain güýçleriniň arasynda bolan çaknyşanlarda “adam ýitgileriniň” bolandygy habar berilýär.

Ukrainanyň hökümet güýçleri ýurduň günortasyndaky Andreýewka regionynyň telewideniýe binasyny öz gözegçiligine geçireninden soň, söweşiji güýçleriň şäheriň merkezinden yza tarap çekilýändigi aýdylýar.

Takmynan 140 müň ilatly Slowýansk şäheri Ukrainanyň gündogarynda soňky döwürler Russiýa tarapdary söweşijiler tarapyndan kontrollyk edilýän şäherleriň biridir.

Ukrainanyň hökümeti gürrüňi edilýän territoriýanyň kontrollygyny gaýtadan yzyna alýança, “terrorçylyga garşy operasiýalary” dowam etdirjekdigine wada berdi.

Ukrainanyň häzir iş başyndaky prezidenti Aleksandr Turçinow Russiýanyň hazirki wagt Ukraina bilen “uruş ýagdaýyndadygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG