Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülhoja: Berdimuhamedowyň sapary täsir galdyrdy


Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleri G.Berdimuhamedow (ç) we Emomali Rahmon (s), Duşenbe, 5-nji maý, 2014.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleri G.Berdimuhamedow (ç) we Emomali Rahmon (s), Duşenbe, 5-nji maý, 2014.
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. G.Berdimuhamedowyň Täjigistana iki günlük sapary resmi netijelerden daşgary Duşenbäniň adaty raýatlarynda-da öz täsirini galdyrypdyr.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň žurnalisti Şahlo Gülhoja Duşenbeden jikme-jik maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy: Şahlo, Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleri resmi duşuşygyň yz ýany žurnalistler üçin brifing hem geçirdiler. Siz hem bu çärä gatnaşdyňyz. Resmiler gepleşikleriň netijeleri barada žurnalistlere näme diýdiler?

Şahlo Gülhoja: Täjigistanyň we Türkmenistanyň liderleri G.Berdimuhamedowyň bu saparynyň ýurtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhümdigini aýtdylar. Olar gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn meseleler we dünýädäki hem regiondaky aktual problemalar barada pikir alşylandygyny habar berdiler.

Gepleşikleriň netijesinde ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyna degişli 9 sany ylalaşyga gol çekildi, hususan-da, Täjigistanyň Jyllyköl raýonynda türkmen çagalary üçin mekdebiň gurluşygy barada ylalaşyga, transport we syýahatçylyk boýunça ylalaşyklara we 2014-2016-njy ýyllaryň aralygynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça programma gol goýuldy. Şeýle-de medeniýet, sungat we ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamaga we ýurtara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möçberini giňeltmäge isleg bildirdiler.

G.Berdimuhammedow Emomali Rahmon bilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn, regional we halkara meseleleriň maslahat edilendigini žurnalistlere aýtdy we, hususan-da, Owganystan temasyny agzady.

Azatlyk Radiosy: Şahlo, Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleri Owganystan temasyna degişli goşmaça maglumat berdilermi?

Şahlo Gülhoja: Olar problemany ýöne agzadylar, emma jikme-jik maglumat bermediler.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň biriniň türkmen çagalary üçin mekdebiň gurluşygyna degişlidigini aýtdyňyz. Bu barada jikme-jik maglumat beräýseňiz?

Şahlo Gülhoja: Hawa, ylalaşyk türkmen çagalary üçin mekdebiň gurluşygyna degişli. Mekdep Täjigistanyň Jyllyköl raýonynda gurulmaly. Bilşimize görä, bu ýerde mekdep bilen bagly kynçylyklar bar, mekdepler ýetmezçilik edýär. Bu raýonda 20 müňe golaý etnik türkmenler ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentiniň Täjigistana edýän bu saparynyň Duşenbäniň adaty ýaşaýjylaryna hem täsir ýetirendigi barada maglumat gowuşdy? Bu nähili täsir?

Şahlo Gülhoja: Bu örän ýiti duýuldy. Sebäbi [ertir] irden bäşlap, köçeleriň ählisi diýen ýaly ýapyldy. Ulag dyknyşyklary emele geldi, kimler okuwa gijä galdy, kimler işe, hemme kişi mundan örän nägile boldy.

Azatlyk Radiosy: Köçeler näçe wagtlap ýapyk boldy?

Şahlo Gülhoja: Ýalňyşmasam, üç sagada çekdi, bu gepleşiklerden öňünden bolan ýagdaýa degişli, geplşiklerden soňam ýollar ýene ýapyldy.

Azatlyk Radiosy: Täjigistana türkmen prezidentinden başga-da ýokary derejeli myhmanlar köp barýar. Şonda ýollar mydama şeýle ýapylýarmy?

Şahlo Gülhoja: Hawa, [şeýle] bolýar, emma şu günki çäreler has göze ildi. Adatça, ýol ýapylanda aeroportdan barýan ýol bilen çäklenilýär, emma şu sapar [ýollar] hemmetaraplaýyn diýen ýaly beklendi. Täjigistanyň resmileri Türkmenistan bilen örän dostlukly gatnaşygyň bardygyny aýdýarlar, belki-de, ýollaryň ýapylmagy-da şunuň bilen baglydyr.
XS
SM
MD
LG