Sepleriň elýeterliligi

Firmalar Tährana toplanýar


Eýranly gepleşikçileriň dünýä güýçleri bilen hemişelik ýadro ylalaşygyny gazanyp, Tährana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagyny gazanmaga çalyşmagy bilen, 6-njy maýda Tähranda nebit we tebigy gaz ýarmarkasy açyldy.

Bu ýyllyk ýarmarka dünýäniň 600-den gowrak kopmaniýasynyň wekili gatnaşýar.

Eger Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalary ýatyrylsa, olar ýurduň nebit-gaz pudagyndaky gerimli proektlere gatnaşmak üçin şertnama baglaşmaga ymtylýarlar.

Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň 2012-nji ýylda Tähranyň energiýa we bank pudagyna girizen gadaganlygy Eýranyň nebit-gaz firmalaryna uly zarba urdy.

Şonda dünýäniň uly energiýa firmalary Eýrany terk etmeli ýa-da bu ýurt bilen edýän bizneslerini duruzmaly bolupdylar.
XS
SM
MD
LG