Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidentiniň sapary dowam edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana sapary 6-njy maýda hem dowam etdirildi.

Berdimuhamedow Düşenbä sapary mahalynda täjik kärdeşi Emomali Rahmon we beýleki hökümet resmileri bilen duşuşdy.

Täjigistanyň daşary işler ministrligi ýolbaşçylaryň Türkmenistanyň Täjigistanyň energiýa we transport pudaklaryna, şeýle-de ykdysadyýetiň beýleki strategiki sektorlaryna maýa ýatyrmak ähtimallygy barada gürrüň edýändiklerini aýtdy.

Bu iki ýurduň Owganystanyň üstünden üç ýurdy baglaýan täze demirýol proektini gurmak baradaky bilelikdäki tagallasy barada hem gürrüň edilýär.

Şeýle-de olaryň NATO ýolbaşçylygyndaky güýçler 2014-nji ýylyň aýagynda Owganystandan çykandan soňky howpsuzlyk meseleleri barada maslahat etmegine garaşylýar.

Rahmon Aşgabada 2013-nji ýylda iki gezek sapar etdi.
XS
SM
MD
LG