Sepleriň elýeterliligi

Putin «hapa sözleri» çäklendirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sungatda «hapa sözleriň» ulanylmagyny çäklendirýän täze kanuna gol çekdi.

5-nji maýda gol çekilen kanun söz azatlygyny we interneti çäklendirmek bilen bagly görlen çäreleriň soňkusy bolup durýar.

Bu kanun 1-nji iýuldan güýje girýär we ol edebiýata, teatrlara, kino we ýazgy edilen aýdym-saz eserlerine degişli.

Kanunda «hapa sözler» diýlip nämeleriň kesgitlenilýändigi aýdylmaýar, emma bu kanuny bozan aýratyn adama 56 dollar, kanuny gurama bolsa 1400 dollar jerime salynjagy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG