Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" agzalary nyşana alyndy


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda azyndan iki jeňçi öldürildi, ikisi bolsa ýaralandy.

Bu waka 6-njy maýda, owgan serhediniň golaýynda bolupdyr.

Resmiler «Talyban» jeňçileri demirgazyk Waziristandaky Mirianşahda, bazara baran mahallary daşdan kontrol edilýän bombanyň partladylandygyny aýdýarlar.

«Talyban» çeşmesi bu habary tassyklady we öldürilenleriň Pakistanyň «Talyban» hereketiniň esasy fraksiýasynyň agzalary bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG