Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sissi saýlansa, «Musulman doganlygy» bolmaz


Müsüriň ozalky goşun başlygy Abdel-Fattah ýel-Sissi özi prezident saýlansa, «Musulman doganlygynyň» mundan eýläk bolmajagyny aýdýar.

Ol prezident saýlawlarynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar.

Sissi 5-nji maýda, prezidentlik kampaniýasy başlaly beren ilkinji telewizion interwýusynda şeýle diýdi: “Olaryň soňuna men çykmadym, müsürliler çykdy.”

Sissi geçen tomus yslamçy prezident Muhammad Morsini iş başyndan çetleşdirdi. Morsi «Musulman doganlygynyň» lideri bolup, 2012-nji ýylda Müsüriň demokratiki esasda saýlanan ilkinji prezidenti bolupdy.

Sissi «Musulman doganlygyny» Müsüriň durnuklylygyny bozmak üçin jeňçileri ulanmakda günäledi.

Morsi 2013-nji ýylyň iýulynda häkimiýetden çetleşdirileli bäri bolan zorlukly wakalarda onuň 1500-den gowrak tarapdary öldürildi; müňlerçe tarapdary, şol sanda uly derejeli egindeşleri türmä basyldy.

Müsüriň prezident saýlawlarynyň ilkinji tapgyry 26-27-nji maýda geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG