Sepleriň elýeterliligi

Badahşanda pidalaryň gözlegi dikeldilýär


Owganystanyň demirgazyk-gündogar welaýaty Badahşanda ýer süýşmesi mahalynda ýiten adamlaryň gözlegi gaýtadan başlandy.

Sebäbi olaryň garyndaşlary hökümetiň ýitenleriň gözlegini togtatmak baradaky kararyndan şikaýat etdiler.

Agyr ýagyşdan soň dag ýykylyp, Aab Barik obasy 2-nji maýda agyr läbik tolkunynda weýran boldy.

Pidalaryň köpüsi jülgä akyp gelen 50 metr çemesi beýiklikdäki läbik tolkunynyň aşagynda galandyr öýdülýär.

Ol adamlaryň gözlegi bu jülgä barmak mümkinçiliginiň kynlygy we çuň gazyjy abzallaryň bolmazlygy sebäpli togtadylypdy.

Bu betbagtçylykda ölen adamlaryň diňe 350 çemesiniň jesedi tapyldy, 2 müňden gowrak adam bolsa tapylmaýar.

700 çemesi maşgala weýran bolan obadan göçürilip, açyk meýdanda gurlan çadyrlarda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG