Sepleriň elýeterliligi

Lawrow, Deşçitsiýa Wenada duşuşýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Ukrainanyň iş başyndaky daşary işler ministri Andriý Deşçitsiýa Wenada, Ýewropa geňeşiniň 6-njy maýdaky maslahatyna gatnaşýar.

Bu maslahatda ukrain krizisi baradaky gürrüňleriň agdyklyk etmegine garaşylýar.

Awstriýanyň Daşary işler ministrligi bu iki resminiň Ýewropanyň daşary işler ministrleriniň «iş naharyna» gatnaşjagyny aýtdy.

Moskwa Kiýewdäki Günbatar tarapyndan goldanýan hökümeti ykrar etmeýär.

Geçen gezek Lawrow bilen Deşçitsiýa Ženewada 17-nji aprelde, ukrain krizisini gowşatmak barada ylalaşyk baglaşylan maslahatda duşuşdy.
XS
SM
MD
LG