Sepleriň elýeterliligi

Ukraina 30 separatist öldürildi diýýär


Ukrainanyň gündogardaky Donetsk şäheriniň aýeroporty ýapyldy.

Bir gün öň bu ýerde howpsuzlyk güýçleri orsýetçi güýçlere garşy operasiýa geçirdi we iki tarapdan hem ýitgileriň bolandygy aýdyldy.

Donetsk aýeroportunyň websaýtynda 6-njy maýda çap edilen beýanata görä, uçarlaryň uçmagy we kabul edilmegi hökümet buýrugy esasynda togtadyldy.

Ukrain hökümeti bu ýapylyş barada maglumat bermedi. Aýeroportuň sözçüsi hem bu ýagdaýyň näçe dowam etjegi barada maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.

5-nji maýda Slowýansk şäheriniň töwereginde bolan atyşyklarda azyndan dört sany ukrain esgeri öldürildi.

Içeri işler ministri Arsen Awakow 6-njy maýda orsýetçi separatistleriň azyndan 30-synyň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG