Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Bugaýew: “Hak sözden gorkýarlar”


Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda il içinde tanalan ýazyjy-şahyrlaryň bir topary dilden, telefon buýrugy esasynda gadaganlyga salyndy. Olaryň ne kitaplary çykaryldy, ne-de metbugatda ady çykdy.

Şol bir wagtda muňa resmi düşündiriş hem berilmedi. Gadaganlyga düşen ýazyjylaryň käsi munuň sebäbini anyklamaga çalyşsa, käsi dymmagy, öýde işlemegi we gelejek üçin ýazyp goýmagy saýlap aldy.

Azatlyk radiosy şol gara sanawa salnan, emma pikirini aýtmakdan çekinmeýän ýazyjylaryň biri – aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:08 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG