Sepleriň elýeterliligi

Syýasy "dürs" harplyk


"Proýekt ulgamy" bir täze harplyk kitabyny düzüpdir.

"Proýekt ulgamy" bir täze harplyk kitabyny düzüpdir.

"The Siberian Times" gazetiniň 5-nji maýda habar bermegine görä, Orsýetiň Sibir regionynda ýerleşýan Irkutsk şäheriniň mekdep okuwçylary ors diliniň elipbiýini indi täze syýasy reallygyň ýürekdeş kömegine daýanyp, öwrenip bilerler.

Kremliň tarapdary bolan "Proýekt ulgamy" atly topar çagalara ors elipbiýiniň 33 harpyny öwrenmäge kömek diýip, bir täze harplyk kitabyny düzüpdir.

Harplyk çagaralara "A" harpyny Ukrainanyň orsýetçi topary bolan "antimaýdan", "Ýa" harpyny hem "Ýalta" sözi bilen öwredýär. Şeýle hem "P" harpy "Putini", "R" harpy hem "Russiýany" aňladýar.

Ýöne çagalaryň, portreti "berklik" düşünjesini suratlandyrýan agyr ýüzli adam (Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow) kim ýa "Berkut" (bürgüt) sözüni öwretmek üçin näme sebäpden uçup barýan haýbatly guşuň suraty däl-de, eýse Ukrainanyň dargadylan polisiýa güýçleri görkezilipdir diýip soramagy mümkin.

Ýa-da näme üçin "D" harpy esasy ors sozi bolan "Dom" (öý) ýa "Doç" (gyz") bilen däl-de, eýse Ukrainanyň "Donetsk" şäheri bilen baglanyşdyrylypdyr?

Häzirki reallyk

Täze harplygyň häzirki wagt üçin düzülendigine şübhe ýok.

Kitapda "G" harpy ors dilinde "serhet" sözüni aňladýar. "W" harpy hem ýüzi maskaly esgeriň suraty bilen "sypaýylygy" görkezýär. "Sypaýy Elipbiý" ukrain regiony Krymy mart aýynda Orsýete birikdiren "sypaýy" güýçleriň adyny göterýär.

"Proýekt ulgamy" täze düzülen harplygy şu ýaz Irkutskdäki ähli mekdeplere paýlamagy, tiz wagtda hem ony beýleki şäherlere-de ýetirmegi planlaşdyrýar. "Proýekt ulgamy": "Çagalar ene topragy söýmegi öwrenmeli, öz halkyny, medeniýetini hormatlamaly" diýýär.

"Taryh" sözi bilen öwredilýän "I" harpy Ikinji jahan urşunyň soňky günlerinde Berlinde Reihstagda Sowet Soýuzynyň baýdagyny oturdan Gyzyl goşunyň bir esgeriniň suraty bilen bezelipdir.

Şol bir wagtda-da çagalar Orsýetiň özünde öndürilýän smartfon "Ýotafonyň" belgisi bilen tanyş bolýarlar. "Ýu" harpy hem Orsýetiň tebigy gaz turbasy "Günorta akymy" görkezýär.

Edilýän tagallalar mekdep okuwçylaryna "Krym bilen Orsýetiň täzeden birleşmegini" düşündirmek üçin häkimiýet başyndaky "Bütewi Orsýet" partiýasynyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan "biz bilediris" atly kampanýanyň bir bölegi bolsa gerek.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG