Sepleriň elýeterliligi

​AI Bakuwy tankyt edýär


Adam hukuklaryny goraýan halkara “Amnesty International” guramasy Azerbaýjanyň resmilerini adam hukuklaryny bozmakda tankyt etdi. Bu waka Azerbaýjan 2014-nji ýylyň 14-nji maýyndan başlap, Ýewropa geňeşiniň ministrler komitetiniň alty aýlyk başlyklygyny öz üstüne almaga taýýarlyk görýän mahalyna gabat geldi.

Gürrüňi edilýän beýanatyň ýaýradylan güni, 6-njy maýda Bakuwyň sudy “NIDA” atly ýaşlar hereketiniň sekiz aktiwistini alty we sekiz ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Guramanyň ýaýradan beýanatynda “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasy boýunça başlygynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew “suduň çykaran bu karary adam hukuklarynyň kemsidilmegidir we ol Azerbaýjanyň esasy azatlyklara hormat goýmaýandygyny görkezýän wagtyna düşen bir ýatlatma boldy” diýdi.

Azerbaýjanyň “NIDA” atly ýaşlar hereketiniň sekiz aktiwisti köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda, bikanun neşe dolandyrmakda we ýaraglary saklamakda günäli tapyldylar.

Bu aktiwistleriň tarapdarlary suduň karary yglan edilenden soň, Bakuwyň sud binasynyň öňünde protest geçirdiler. Polisiýa protesti ýowuz şekilde dargadyp, azyndan 26 adamy tussag etdi. Olaryň arasynda žurnalist hem bar.
XS
SM
MD
LG