Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Mariupolyň kontrollygy yzyna alyndy


Ukrain metbugaty Russiýa tarapdary söweşijiler bilen gijäň ýary bolan agyr çaknyşyklardan soň, Kiýewiň güýçleriniň ýurduň gündogaryndaky Mariupol şäheriniň häkimlik jaýyny yzyna alandygyny habar berýär.

Ukrainanyň “Kanal 5” atly telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Milli gwardiýa söweşijileri köçä gysyp çykaryp, binany öz kontrollygyna geçiripdirler. Söweşijiler binanyň öňündäki esasy köçäni böwetläpdiler.

7-nji maýda berlen maglumatlara görä, köçäniň gatnawy gaýtadan düzgüne girizilipdir.

Russiýanyň “Interfax” habar gullugynyň Mariupoldaky Russiýa tarapdary çeşmelere salgylanyp berýän maglumatyna görä, separatistler şäher häkimliginiň jaýynyň Ukrain güýçleriniň kontrollygyndadygyny tassyklapdyrlar.

Şeýle-de, separatistler “Interfax” habar gullugyna beren maglumatyna görä, Ukrain howpsuzlyk güýçleri regionyň garaşsyzlygy üçin 10-njy maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan referenduma kampaniýa alyp barýan 11 adamy tussag edipdirler.
XS
SM
MD
LG