Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Dagystan: Dört adam öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanyň howpsuzlyk güýçleri we polisiýasy terrorçy diýlip güman edilýän dört adamy öldürdiler.

Dagystanyň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, bu operasiýa 7-nji maýda ýurduň paýtagty Makaçkalanyň golaýyndaky Semender obasynda amala aşyrylypdyr.

Russiýanyň Terrorçylyga garşy göreş alyp barýan Milli komiteti bu maglumatlary tassyklady we Mahaçkalada 9-njy maý “Ýeňiş güni” dabaralary döwründe terrorçylykly hereketleriň amala aşyrylmagynyň ähtimaldygy hakynda howpsuzlyk güýçlerine maglumatlar gelip gowşandan soň, ýörite operasiýalar geçirildi diýdi.

Mundan öň 5-nji maýda geçirilen şuňa meňzeş operasiýalarda Dagystanyň günbataryndaky Hasawýurt şäherinde söweşiji diýlip güman edilýän üç adam öldürilipdi. Şol operasiýalar mahaly bolan ok atyşyklarda bir polisiýa ofiseri hem ýaralanypdy.

Dagystan yslamçy ekstremistler we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Şol ýowuzlyklarda müňlerçe adam öldürildi we ýaralandy.
XS
SM
MD
LG