Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Bişkek: “GB” goşulmaklyk soňa goýulmaga çalşylýar


Gyrgyzystanyň premýer-ministri Joomart Otorbaýew ýurduň Russiýanyň liderligindäki “Gümrük Bileleşigine” goşulmak baradaky kararyny öz hökümetiniň soňa goýmaga synanyşýandygyny aýtdy.

7-nji maýda Bişkekde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Otorbaýew ýurduň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Danil Ibraýewiň ýolbaşçylygyndaky gyrgyz delegasiýasynyň häzirki wagt Moskwada rus resmileri bilen gepleşikleri geçirýändigini aýtdy. Şeýle-de, Otorbaýew bu delegasiýa Gyrgyzystanyň “Gümrük Bileleşigine” goşulmagy baradaky karary bir ýyla çenli soňa goýmak ähtimallygy hakda gepleşikleri geçirýär diýdi.

Otorbaýew Gyrgyzystanyň “Gümrük Bileleşigine” goşulmak baradaky ýol kartasynyň heniz taýyn däldigini hem sözüne goşdy.

Otorbaýewiň sözlerine görä, ýol kartasy öňümizdäki günlerde hökümet tarapyndan mälim ediler we köpçüligiň dykgatyna hödürlener.
XS
SM
MD
LG