Sepleriň elýeterliligi

​Halkara wekiller Ukraina bardy


Halkara wekiller Ukrainanyň wagtlaýyn hökümeti bilen duşuşmak üçin Kiýewe bardylar. Bu duşuşyk Ukrainada şu aýyň ahyrynda geçiriljek saýlawlaryň öň ýanynda, ýurduň gündogar sebitinde Russiýa tarapdary gozgalaňlar dowam edýän mahaly amala aşyrylýar.

Ukrainada 25-nji maýda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryň öň ýanynda, Birleşen Ştatlar we Ýewropa ýurtlary Kiýew bilen diplomatik gatnaşyklaryny artdyrdylar.

7-nji maýda Ukrain liderleri bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg (William Hague) Russiýa Ukrainada geçiriljek saýlawlara päsgelçilik berse, bu “demokratiýa urlan zarba” bolar diýdi.

Şeýle-de, Heýg Ukraina babatdaky Ženewa ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin “Russiýanyň ýekeje ädim hem ätmändigini “ sözüne goşdy.

Birleşen Milletler Gurmasynyň syýasy meseleler boýunça başlygy Jeffreý Feltman hem 7-nji maýda Ukrainanyň häzir iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow bilen gepleşikleri geçirdi.
XS
SM
MD
LG