Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Poliomiýelit näme ücin ýaýraýar?


Poliomiýelit keseline garşy waksina-dermanlary bermek çäresi, Landikotal, Pakistan-Owganystan serhedi, 14-nji aprel, 2014.
Poliomiýelit keseline garşy waksina-dermanlary bermek çäresi, Landikotal, Pakistan-Owganystan serhedi, 14-nji aprel, 2014.

Poliomiýelit keseli bilen kesellänleriň sany soňky ýylyň dowamynda dünýä derejesinde çürt-kesik köpeldi. Pakistan bu ugurdan öňe saýlandy. Munuň bäş sany esasy sebäbi bar.

Poliomiýelit keselini doly ýok etmek boýunça öňden bäri alnyp barylýan tagallalara garamazdan, agyr keselçilik soňky ýylyň dowamynda ýene-de howply derejä ýetdi.

Täze kesellänleriň aglaba bölegi Pakistanda hasaba alyndy. BMG-niň Dünýä saglyk guramasy bu ýurdy “poliomiýelitiň güýçli ýaýbaňlanmagyny tutaşdyryp biljek ojak” diýip atlandyrdy.

Dünýäde soňky ýylyň dowamynda 74 adamyň keselländigi tassyklandy, ondan ozalky ýylda kesellänleriň sany 24 adamdy. Täze kesellänlerden 59 adam Pakistanda hasaba alyndy.

Poliomiýelitiň durnuksyz we örän konserwatiw ýurt bolan Pakistanda ýaýramagynyň öz sebäpleri bar.

Gizlinlik

Pakistanda söweşijiler bu kesele garşy waksina-dermanlary bermek boýunça iş alyp barýan işgärleriň onlarçasyny ogurladylar, urup-ýençdiler we janyna kast etdiler, şeýdip poliomiýelite garşy alnyp barylýan kampaniýanyň öňünde böwet döretmäge çalyşdylar.

Medisina işgärleri Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän durnuksyz Hyber-Pahtunhwa welaýatynda güýçli garşylyga duçar boldular. Bu regionda pakistan “Talybanynyň” söweşijileriniň uly täsiri bar. Söweşiji toparlar bolsa keseliň öňüni almak boýunça sanjylýan waksina garşy çykyş edýärler we muňa daşary ýurtlaryň öz içalyçylyk işlerini ýaşyrmak üçin ulanýan mümkünçiligi hökmünde garaýarlar.

Şeýle pikirler, degişli derňewden soň, Pakistan ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň pakistanly lukman Şakil Afridini Osama bin Ladeniň gaçybatalgasyny anyklamak üçin ulanandygy barada beýannama ýaýradansoň hasam güýçlendi.

Afridi, gepatite garşy sanjymlar programmasynyň bahanasy bilen, bin Ladeniň maşgalasyndan DNK genetik barlagy üçin nusga alyp, amerikan aňtawçylaryna onuň güman edilýän ýerde bardygyny anyklamaga ýardam bermekde aýyplandy.

Mälim bolşy ýaly, "Al-Kaýdanyň" lideri 2011-nji ýylyň maý aýynda Pakistanyň serhetýaka Abbottabad şäherinde öldürildi.

Pakistanyň saglyk ministri Saira Afzal Tarar Pakistanda poliomiýelit keseliniň ýaýramagy bilen bagly wakalaryň köpelmegini, esasan, “Afridiniň işine reaksiýa” bilen baglanyşdyrýar.

Erbet medisina

Poliomiýelitiň öňüni almak boýunça edilýän waksina sanjymynyň adamlary önelgesiz edýändigi barada jemgyýetde giňden ýaýran gorkular hem keselçiligiň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Aşa dinçiler poliomiýelitiň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri Günbataryň musulmanlary önelgesiz etmek üçin ulanýan dildüwşügi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Pakistanyň dindarlary poliomiýelitden ysmaz bolan ýa-da ölen adamlaryň Günbataryň dildüwşüginiň aldawyna düşmezlik ugrundaky göreşiň “şehitleri” diýip hasaplanjagy barada fetwa hem çykardylar.

Poliomiýelit ýokanç kesel bolup, bäş ýaşyna ýetmedik çagalara esasy zarba
urýar. Keselden gutulyp bolmaýar, emma waksina-dermanyň ulanylmagy bilen onuň ýokaşmagynyň öňüni alyp bolýar. Keseliň ýokaşmagy bilen bagly 200 wakadan biri ysmazlyga getirýär, ysmaz bolan adamlardan 5-10% prosenti ýogalýar.

“Yslama garşy”

Aşa dinçiler we söweşijiler poliomiýelitiň öňüni almak boýunça dermanlary “yslama garşy” diýip atlandyrýarlar we waksinany Allanyň emriniň berjaý edilmegine päsgelçilik diýip atlandyrýarlar.

Poliomiýelitiň öňüni almak boýunça Pakistanda ulanylýan waksinalar tutuş dünýäniň laboratoriýalarynda, şol sanda ABŞ-nyň laboratoriýalarynda öndürilýär.

Söweşijiler we käbir dindarlar waksina dermanlarynyň doňzuň ýagyny ýa-da alkogol maddalaryny öz içine alýandygyny aýdýarlar we bu serişdeleriň yslam tarapyndan gadagan edilýändigini wagyz edýärler.

Ýurduň saglygy saklaýyş häkimiýetleri waksinanyň daşyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak maksady bilen dini liderler we dindarlar bilen duşuşdylar. Käbir dinçiler poliomiýelite garşy waksinanyň kabul ederlikli çäredigini we söweşijileriň keseliň öňüni alyş çäreleri ýerine ýetirýän işgärlere garşy zorlukly göreşiniň “yslama garşy” bolýandygyny köpçüligiň öňünde aýtdylar. Emma bu meselede barybir aşa dinçileriň we söweşijileriň wagzy dowam edýär we ol hem öz gezeginde ýurtda ýaramaz netijelere getirýär.

Ýetişen şertler

Pakistanda poliomiýelitiň ýokaşmagy bilen bagly tassyklanan pursatlaryň aglaba bölegi ýurduň durnuksyz demirgazyk-günbatarynda hasaba alyndy. Hyber-Pahtunhwa welaýatynyň paýtagty Peşawarda we Owganystan bilen serhetdäki federal dolandyryşdaky tire-taýpalar regionynda ýagdaý has ýaramaz. Pakistanyň iň uly şäheri bolan Karaçide hem ýagdaý agyr.

Gozgalaňlaryň esasy agramy ýurduň demirgazyk-günbatar regionlarynyň paýyna düşdi. Bu ýerde millionlarça owgan bosgunlary ýaşaýar, bu ýagdaý hem keselçiligiň ýaýramagyna şert döredýär. Şeýle-de bu ýerde sanitariýa-arassaçylyk şertleri we saglyk infrastrukturasy hem tutuş region boýunça iň gowşak.

Ýurduň saglygy saklaýyş häkimiýetleri ilatyň saglygynyň goragyny, saglyk infrastrukturasynyň gowulandyrylmagyny, bu hajatlar üçin çykdajylaryň artdyrylmagyny we poliomiýelitiň öňüni almak boýunça durnuksyz regionlarda işleýän işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin goşmaça çäreleriň görülmegini talap edip, Pakistanyň hökümetine ýüz tutdular.

Dünýä saglyk guramasynyň Pakistan boýunça poliomiýelit bölüminiň ýolbaşçysy doktor Zubair Mufti ýokary derejede howply regionlara barmak mümkinçiligini üpjün etmek üçin hökümetiň has köp iş etmeldigini nygtady. Zubair Mufti bu meselede şeýle diýdi: “Pakistandaky üstünligiň açary Demirgazyk we Günorta Waziristan tire-taýpalar regionynda 250 000 çemesi çaga üçin sanjym mümkinçiliginiň döredilmegindedir. Şeýle-de Karaçi we Peşawar şeherlerinde-de waksina sanjymyny yzygiderli geçirmeli. Hut şu üç region Pakistanyň esasy ýarasydyr”.
XS
SM
MD
LG