Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Gaz dawasy näme üçin aladaly?


Ukrainadan Ýewropa barýan gazgeçiriji sistemada serhet hasaplanýan nokat, Welke Kapusany, 15-nji aprel, 2014.

Ukrainadan Ýewropa barýan gazgeçiriji sistemada serhet hasaplanýan nokat, Welke Kapusany, 15-nji aprel, 2014.

Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainada bolýan wakalara aladalanma bildirmegine ençeme sebäp bar. Orsýetden akdyrylýan gazyň howpsuzlygy şol sebäpleriň biri.

Ýewropa Bileleşigi özüniň gaz üpjünçiliginiň üçden bir bölegini Orsýetden satyn alýan gazynyň hasabyna amala aşyrýar. Bu gazyň ýarpysy Ýewropa Ukrainanyň üsti bilen barýar.

Moskwa, eger Kiýew gaz üçin bergisini üzmese, Ukraina gaz akdyrmagyny bes etjegini aýdýar, bu bolsa Ýewropanyň ot bilen ýalnyň arasynda galyp biljegini aňladýar.

Bu ýerde bäş mesele ünsi çekýär.

ÝB näme üçin aladalanmaly?

Birinji mesele Ukrainanyň günbataryndaky gaz saklanylýan sistemanyň boşamagy bilen bagly. Tomus aýlary Ukrainanyň Orsýetden akdyrylýan gaz bilen ägirt uly gaz ammarlaryny doldurýan wagtydyr. Gyşda ulanylýan gazyň üpjünçiligi-de hut tomusda toplanan gazyň hasabyna amala aşyrylýar.

Emma Kiýew bilen Moskwanyň arasynda gazyň bahasy boýunça çekeleşikleriň dowam edýän döwründe gaz zapaslarynyň mundan beýläk üstüniň ýetiriljegine hiç hili kepil ýok. Meseläniň çylşyrymly tarapy-da, eger Ukraina gyşda gaz ýetmezçiligi zerarly Ýewropa akdyrmak üçin niýetlenen orsýet gazyny sarp eden bolsa, onuň häzirki wagtda sarp edilen gazyň öwezini dolmaga mümkinçiligi ýok.

Energiýa boýunça bilermenleriň sözlerine görä, Ukrainanyň gaz saklanýan ammarlaryny sentýabr aýyna çenli 12 milliard kubometre golaý möçberde gaz bilen doldurmagy zerur. Emma Ukraina gaz satyn almak üçin serişde gözleýärkä, Orsýet, eger Kiýew iýun aýynda satyn aljak gazy üçin 31-nji maýa çenli öňünden töleg tölemese, gaýdyp gaz berilmejegini aýdýar.

Moskwa Kiýewiň eýýäm häzire çenli alan gazy üçin bergisiniň 3.5 milliard dollara ýetendigini tekrarlaýar.

Moskwa Brýussele näme duýdurmakçy bolýar?

Moskwa gaz krizisi arkaly Brýussele Kiýewdäki häzirki häkimiýetiň ynamdar däldigini we ony goldamagyň aladasynyň köp boljagyny duýdurmak isleýär.

Energiýa meseleleri boýunça Oksford institutynyň tebigy gaz barlaglary programmasynyň ýolbaşçysy Jonathan Sterniň bellemegine görä, geçmişde Moskwa Ukraina bilen gaz dawasyny ikitaraplaýyn görnüşde alyp barýardy we Ýewropany bu dawasyna gönüden-göni goşmaýardy. Indi bolsa ýagdaý tapawutlanýar: “Kiýewde hökümetiň çalyşmagy bilen Orsýet ‘Ýewropa, bu seniň problemaň’ diýen pozisiýany eýeledi”.

Kiýewiň pulsuzlygy sebäpli Moskwa onuň bergisini Günbataryň üzmegine garaşýar.

Halkara Walýuta Fondy şu aýda Ukraina üçin 17 milliard dollarlyk maliýe kömeginiň berilmegini makullady. Şol puldan 3.2 milliard dollar derhal berilmeli.

Gaz krizisi güýçlenýärmi?

Ukrainada gaz krizisiniň üstüniň açylmagy Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşýan döwrüne gabat geldi.

Günbatar prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlaryna garşy sanksiýalary girizdi. Şeýlelikde ÝB-niň energiýa howpsuzlygynyň gorky astynda bolmagy Brýusseliň indiki ädimlerden saklanmagyna sebäp bolup biler.

Ýewropa näderejede gaza mätäç?

Energiýa boýunça bilermenleriň aýtmagyna görä, geçen gyşyň maýyl bolmagy sebäpli Ýewropanyň gaz ammarlary gazdan doly, bu bolsa Ukrainanyň üstünden gazyň akdyrylmagynyň wagtlaýyn bes edilen ýagdaýynda oňuşmak üçin mümkinçilik berýär.

Indi näme bolar?

Meseläniň geljegi Orsýetiň, Ukrainanyň we ÝB-niň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçýän gepleşiklere bagly bolar. 2-nji maýda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşiklerde Ukrainanyň Moskwanyň öňündäki bergisi bilen bagly meseläni çözmek ugrunda tagalla edildi.

Warşawada bolan bu duşuşykda ylalaşyga gelinmedi. Taraplar indi şu aýyň ortalarynda we aýagynda gaýtadan duşuşarlar.
XS
SM
MD
LG