Sepleriň elýeterliligi

Ajaýyp sazanda Annageldi Jülgäýew 85 ýaşady. Ol ussat sazanda, otuzdan gowrak adym-saz döreden kompozitor hem sazandalar toparyna ýolbaşçylyk ediji dirižor hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy.

Ol ýaşlaryň halypasy, Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň professory.

Bu ynsan öz ukyby bilen her kimiň kalbyna bir ýol arkaly aralaşdy. Men şolardan özüme täsir eden üç pursady ýatlamak isleýän.

Birinji pursat

1964-nji ýyldy. Türkmenistan respublikasynyň döredilmeginiň 40 ýyllygy baýram edilýärdi. Merkezi telewideniýede hem radioda baýramçylyk konsertleri gidýärdi. Şonda Annageldu Jülgäýew Halk saz gurallarynyň orkestri bilen orta çykdy. Olar kompozitor orkestr üçin işlenen “Nowaýy” halk sazyny çalmalydy.

Annageldi Jülgäýewiň elinde dirižorlyk taýajygy däl-de, gyjagyň smiçogy bardy. Ol orkestre ýolbaşçylyk edip, saza başlady. Soňra özi kesede duran kemençäni eline aldy-da, bu saz eserindäki gyjak bölümini çalyp başlady.

Ol örän täsin boldy. Baryp XIX asyrda meşhur Wena kompozitorçylyk mekdebiniň beýik ussady Iogann Ştraus eli skripkaly orkestriň öňüne çykýar ekeni. Şol beýik ussatlygy Annageldi Jülgäýew türkmen topragynda döredip bildi. Ol eli gyjakly orkestre ýolbaşçylyk etdi hem sazyň gyjak bölegini ýekelikde çaldy.

Ikinji pursat

Onuň halk sazlaryny gyjak arkaly ýekelikde çalyp bilmegi türkmen sungaty üçin täze ugur boldy.

Sazandanyň öz gürrüň bermegine görä, bir özi gyjakda saz çalyp, ony ýazgy etmäge synanyşanda, bu işi uly halypa Pürli Saryýew oňlamandyr.

Ýeri gelende aýtsak, Pürli Saryýew Annageldiniň daýysy hem ilkinji halypasy bolýar. Annageldi meşhur Sary bagşynyň gyzyndan bolan agtygydyr.

Şonda Pürli halypa oňa:

– Ýegen, gyjakda ýekelikde saz çalynýan däldir. Gyjak bir dutaryň ýanyndaky kömekçi saz guraly. Muny ýekelikde çalsaň, beýle bir ýakymy bolmaz – diýidir.

Ol daýysyny her näçe sylasa-da, maksadyndan el çekmändir. Türkmen sazlaryny gyjakda çalyp, gyjagyň owazynyň mümkinçiligini mälim etmek isläpdir. Ol muny başarypdyr. Onuň gyjakda çalan sazlary ussatlygyň nusgasy boldy. Şondan soň ýeke gyjakda saz çalmak tejribesi artyp ugrady.

Ol örän ir ardan çykan öz daýysy Nury Saryýewiň “Pioner” sazyny, “Torgaý guşlary” hem beýleki sazlary halka ýetirdi.

Soňra Pürli halypanyň özi-de gyjakda ençeme saz çaldy. Olardan “Nergyz” taýsyz ussatlyk hökmünde ykrar edilýär. Oraz Sary hem gyjakda ençeme saz çaldy.

Üçünji pursat

Annageldi Jülgäýew taryhçy alym, Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Orazmuhammet Saparow bilen gyjak senedi barada türkmen telewideniýesinde çykyş edýärdi. Orazmuhammet Saparow meşhur Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Bekiniň ogly bolmaly.

Şol gepleşikleriň birinde Orazmuhammet belli ussatdan näme üçin gyjakda däl-de, kemençede saz çalýandygynyň sebäbini sorady.

Annageldi gyjakda saz çalýandygyny görkezdi-de, kemençäniň bir kirişi artyk bolansoň, mümkinçiliginiň köpdügini düşündirdi. Ol kemençäniň sazlary has owazly edýändigini, onuň sesiniň ýakymlydygyny çalyp görkezdi.

Bu hakykatdanam şeýledi. 70-80-nji ýyllarda biziň kompozitorlarymyz halk sazlaryny orkestr hem aýry-aýry saz gurallary üçin, ýaňadan işlediler. Şonda Annageldi Jülgäýew pianinoçy, örän ezber sazanda Wladimir Sapegin bilen bilelikde “Bar eken”, “Akja ýarym” ýaly sazlary çaldylar. Bular örän şowly çykdy. Pianinonyň ýanyda türkmen gyjagy ol sazlary janlandyrýardy. Hamana, iki ussat bäsleşýän ýalydy. Ol sazlar iki ussadyň duetidi, iki ussadyň bileikdäki kämilligidi.

Bir gezek Moskwada türkmen medeniýetiniň dabaraly günleri bolanda, Annageldi Jülgäýew kemençe bilen P.I. Çaýkowsiden adajio çaldy. Muny köpler halady, oňlamadyklar hem tapyldy. Olar: “Annageldi Moskwada türkmen sazyny çalmalydy” diýdiler. Ol bolsa: “Men Çaýkowskini çalmak isledim. Beýlekiler türkmen sazyny çaldylar ahyryn. Goý, olar Çaýkowskini türkmeniň çalşyny hem diňlesin” diýdi.

Annageldi Jülgäýew öz kemençesi arkaly türkmen sazyny hem onuň adyny beýleki halklara eşitdirip bildi.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG