Sepleriň elýeterliligi

“Boko haram” kim?


Özüni "Boko haram" toparynyň lideri Abubakar Şekau diýip tanadan adamyň wideo şekili.

Özüni "Boko haram" toparynyň lideri Abubakar Şekau diýip tanadan adamyň wideo şekili.

Nigeriýaly mekdep okuwçysy gyzlaryň köpçülikleýin ogurlanmagy bütin dünýäde gahar-gazap döretdi. Olaryň ogurlanmagynyň jogapkärçiligini bu ýurtda hereket edýän “Boko haram” atly yslamçy topar öz üstüne aldy.

Nigeriýadaky “Boko haram” atly ýaragly toparyň ady ýakynda ýurduň durnuksyz demirgazyk regionyndan 300-e golaý okuwçy gyzyň ogurlanmagy bilen baglylykda täzeliklerde ýaňlandy. “Boko haram” bu gyzlary satmak haýbatyny atýar.

Gyzlaryň ogurlanmagy birnäçe tapgyrlaýyn amala aşyrylypdyr. Şol hadysalaryň iň ulusy aprel aýynda bolupdyr we şonda 300 okuwçy gyz ogurlanypdyr. Nigeriýanyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, olaryň 276-sy henizem ýesirlikde galýar. Şu hepdede Borno ştatynda ýene-de 11 gyz ogurlandy, bu ýerde “Boko haram” soňky bäş ýylyň dowamynda yslamçylaryň gozgalaňyna baştutanlyk edýär.

Okuwçy gyzlaryň ogurlanmagy halkara derejesinde gahar-gazap döretdi, köp ýurtlar kömek hödürledi. Nigeriýanyň hökümeti ogurlanan gyzlaryň saklanýan ýeri hakda degerli maglumat berene 300 müň amerikan dollary möçberinde pul goýdy.

“Boko haram” hereketi kimlerden ybarat?

“Boko haram” Nigeriýanyň demirgazygynda ýerleşýän ýaragly yslamçy topar. Bu ekstremist topar hökümeti agdarmak we yslam döwletini döretmek ugrunda söweşýär. Onuň aýylganç hereketleriniň arasynda heläkçilikli partlamalar, adamlaryň öldürilmegi we ogurlanmagy bilen bagly ençeme wakalar boldy.

Toparyň arap dilindäki resmi ady “pygamberiň öwüt-ündewlerine we jyhada eýerýän adamlar” diýmegi aňladýar. emma onuň has ýörgünli ady “Boko haram”. Ýerli hausa dilinde bu at “Günbataryň bilimi gadagan” diýmekdir.

Topar demirgazyk-gündogar Borno regionynyň Maiduguri şäherinde ýerleşýär we Nigeriýanyň musulman ilatly garyp demirgazygynda goldanylýar.

Bu toparyň aşa dinçi düşünjesine görä, yslam musulmanlaryň Günbatar bilen haýsy-da bolsa bir baglanyşygy bolan jemgyýetçilik, syýasy ýa-da bilim işlerine gatnaşmagyny “haram”, ýagny gadagan edýär. Şeýle-de saýlawlarda ses bermek, dünýewi bilim almak we günbatar görnüşli geýim geýmek gadagan edilýär. Bu gadagançylyklaryň netijesinde käbir adamlar bu topary “Nigeriýa talybananlary” diýip hem atlandyrýarlar.

Toparyň asly nireden?

“Boko haram” 2002-nji ýylda Maiduguri şäherinde yslam wagyzçysy Mohammad Ýusuf tarapyndan döredildi. 1990-njy ýyllarda Ýusuf ýaş radikal yslamçylaryň toparyna ýolbaşçy bolupdy. Başda Ýusuf bilim almaga isleglidi. Ol garyp musulman çagalarynyň bilim almagy üçin metjit we medrese gurupdy. Ol hökümeti zor bilen agdarmagy maksat edinmändi. Ol öz ýurdunyň problemalarynyň sebäbini Nigeriýanyň öňki britan kolonizatorlarynyň ornaşdyran günbatar gymmatlyklaryndan görýärdi. Ol hökümete boýun bolmazlyga çagyrypdy.

Ýagdaý 2009-njy ýylda ýitileşdi. Toparyň agzalary motosikle münmek üçin hökmany edilen sopbaç geýmek düzgünini berjaý etmekden ýüz öwürdiler. Bu “Boko haram” toparynyň tarapdarlarynyň we polisiýanyň arasynda güýçli çaknyşyklara getirdi. 800-den gowrak adam, şol sanda “Boko haramyň” tarapdarlary wepat boldular. Polisiýa toparyň baş edarasyny eýeledi, Ýusuf türmä düşüp, heläk boldy.

Şondan bäri “Boko haram” howpsuzlyk güýçleriniň edaralaryna, ybadathanalara, mekdeplere köp sanly heläkçilikli hüjümleri amala aşyrdy we parh goýmazdan, parahat ilatdan hem köp adamlary öldürdi.

Ýusufyň sag eli hasaplanan Abubakar Şekau toparyň ýolbaşçylygyny öz üstüne alyp, onuň ugruny üýtgetdi. Öz ruhy liderinden mahrum bolan topar gizlin herekete geçdi we birnäçe topara bölündi. Olaryň täsiri goňşy Nigere we Kameruna ýaýrady.

“2009-njy ýyldan başlap topar öz hereketiniň ugruny üýtgetdi” diýip, Londonda ýerleşýän “Çatam Haus” (Chatham house) atly halkara gatnaşyklary institutynyň bilermeni Sola Tayo aýdýar. Onuň bellemegine görä, topar aýylganç zorluklara baş goşup başlady. “Olar has aýgytly hereket edýärler, olaryň ýaraglary täzelenýär we olaryň hereketleri gitdigiçe has aýylganç bolýar”, diýip Tayo belledi.

Olar kime garşy söweşýärler?

2009-njy ýyldan başlap “Boko haram” 3000 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolanlykda aýyplanýar. Diňe geçen ýylyň dowamynda, Halkara Amnistiýa (Amnesty International) guramasynyň maglumatyna görä, “Boko haram” 1500 adamyň ölümine sebäp boldy.

Topar howpsuzlyk güýçlerine, öz hristian watandaşlaryna, şeýle-de hökümet bilen hyzmatdaşlykda bolan musulman liderlerine we wagyzçylaryna hüjüm edýär. Onuň hüjümleri belli bir derejede daşary ýurtlulara we syýahatçylara garşy hem gönükdirilýär.

Iň aýgytly hüjümleriň biri 2011-nji ýylda BMG-niň Abuja şäherindäki baş edarasyna edildi, şonda 20-den gowrak adam heläk boldy. Geçen aýda Çibok (Chibok) şäherinde (Borno regiony) “Boko haram” 300 mekdep okwuçy gyzlaryny ogurlady. Olaryň 53-si gaçyp bildi. Geçen hepdede, 4-nji maýda, ýene 11 okuwçy gyz ogurlandy. 5-nji maýda ýaýradylan wideo görnüşli beýannamada toparyň lideri Şekau gyzlary gulçulyga satmak we mejbury durmuşa çykmak haýbatyny atdy.

“Al-Kaýda” bilen baglymy?

ABŞ “Boko haramy” terrorçy topar diýip hasap edýär we onuň “Al-Kaýda” bilen Afrikanyň demirgazyk-günbatarynda hereket edýän “Yslam Magribi” (AQIM), Somalidäki “Al-Şabab” guramalary bilen baglanyşygynyň bardygyny öňe sürýär. Bu tassyklama görä, “Al-Kaýda” Arap ýarymadasynda agzalan toparlaryň üsti bilen hereket edýär.

ABŞ-nyň Kongresiniň 2011-nji ýyl boýunça hasabatynda “Boko haramyň” ABŞ-a howp döredip başlandygy aýdyldy. “Boko haram” welin, daşary ýurt toparlary bilen çak edilýän gatnaşyklary ret edýär.

“Boko haram” geçen ýylyň fewral aýynda Kamerunyň demirgazygynda fransiýaly bir maşgalanyň ogurlanmagyny öz üstüne alan hem bolsa, toparyň Nigeriýanyň daşynda hereket etmek niýetiniň bardygyny görkezýän subutnama köp däl.

“Olaryň aragatnaşyklary bar we olar maglumat alyşýarlar, emma “Boko haramyň” “Al Kaýdanyň” aktiw bölegidigi ýa-da däldigi jedelli bir mesele, sebäbi häzire çenli bu konflikt Nigeriýanyň belli bir reginonynyň çäginden daşary çykmaýar” diýip, Sola Tayo belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG