Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýelena Rýabinina dünýäden ötdi


Ýelena Rýabinina
Ýelena Rýabinina
Orsýetiň çäklerinde mekezi aziýaly bosgunlary goraýjy tanymal aktiwist Ýelena Rýabinina rak keseline garşy uzak wagt dowam eden göreşden soň aradan çykdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar merkezi aziýaly syýasy bosgunlaryň baýry, gaýduwsyz we ýadawsyz goragçysy bolan Ýelena Rýabininanyň ýasyny tutýarlar.

Ýelena Rýabinina 4-nji maýda Moskwada 59 ýaşynda aradan çykdy. “Ol adalatyň hatyrasyna migrantlaryň we başpena soraýanlaryň adyndan hökümet resmileri bilen dürli derejede, gozegçi ofiserlerden başlap iň ýokarsyna çenli göreşmekde çäksiz gaýrata eýe bolan adamdy” diýip, Human Rights Watch (HRW) guramasy öz beýannamasynda ýazýar.

Asly Odessaly Ýelena Rýabininanyň dostlary we kärdeşleri onuň Merkezi Aziýadan gaçyp çykan onlarça bosguny halas edendigini adýarlar. Ol Orsýetde bosgunlyk statusyny almaga synanyşan adamlara kömek bermek boýunça programmalary döredipdi. Sebäbi olar Orsýetde häli-şindi türmä atylyp, soňra Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň gizlin gulluklary tarapyndan ogurlanyp, öz ýurtlaryna ekstradisiýa edilmek howpuna uçraýardylar.

Rýabinina käri boýunça ýurist däldi, emma ol adam hukuklaryny goraýjy toparlar bilen işleşip başlandan soň bosgunlyk meselelerine degişli kanunlar boýunça güýçli bilermene öwrülip, Orsýetiň we Ýewropanyň sudlarynda garalan işlerde bosgunlar üçin üstünlikli netijeleriň çykarylmagyna ençeme gezekler ýardam beripdi.

“Onuň adyny we telefon nomerini bilmeýän merkezi aziýaly ýok bolsa gerek. Ol bütin hepdäniň dowamynda 24 sagatlap telefondady we deportasiýa howpy astyna düşen islendik adamy halas etmek üçin gije sagat üçde-de polisiýa ylgamaga taýýardy” diýip, HRW guramasynyň Ýelena Rýabinina barada çap eden beýannamasynda bellenýär. ​
Ýelena Rýabinina bilen hoşlaşyk
Ýelena Rýabinina bilen hoşlaşyk


Dostlary we kärdeşleri Ýelenanyň ýürekdeşligini we onuň zehininiň ötgürligini aýratyn belleýärler.

Rýabinina Moskwada adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň ençemesi, şol sanda abraýly “Memorial” merkezi bilen hem işleşipdi.


Ýelena Rýabinina bilen hoşlaşyk çäresi 6-njy maýda Moskwada geçirildi.

(Orsça maglumat)
XS
SM
MD
LG