Sepleriň elýeterliligi

​Gyrgyz-täjik araçäginde çaknyşyklar boldy


Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň araçägindäki oba ýaşaýjylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 30 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

7-nji maý agşamy bolan bu ýowuzlyklar Kok-Taş atly gyrgyz obasynyň ýaşaýjylary bilen Gyrgyzystanyň territoriýasyndaky Täjigistana degişli Woruh eksklawynyň ýaşaýjylarynyň arasynda bolan jedelleriň birek-biregine daş zyňmaga ýazmagy netijesinde döredi.

Bu wakada azyndan bir awtoulag otlandy. Iki ýurduň serhet gullukçylary we polisiýa işgärleri üýşmeleňi dargatmak üçin howa duýduryş oklaryny atdylar.

Bu wakanyň bolan pursatynda Täjigistanyň raýatlary diýilýän adamlaryň Zaka-Oruk obasyndaky dükany otlandygy habar berilýär. Bu oba Kok-Taş obasyndan takmynan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG