Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Eýran: Aşa dinçiler protest geçirdi


Eýranda aşa dinçiler Yslamyň kadalaryna laýyk diýip kabul edilen egin-eşik düzgüniniň depelenmegine protest bildirip, 7-nji maýda Tähranda ýöriş geçirdiler. Gürrüňi edilýän egin-eşik düzgüni 1979-njy ýylda Eýranda geçirilen Yslam rewolýusiýasyndan soň, mejbury edilipdi.

Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugynyň berýän maglumatynda protestçileriň sanynyň 4 müň çemesidigi aýdylýar.

Eýranda hijabyň talaplaryny doly ýerine ýetirmezlikde her ýyl müňlerçe zenan tussag edilýär ýa-da pul jezasy bilen jezalandyrylýar.

Prezident Hassan Rohani oktýabrda eden çykyşynda Eýranyň polisiýasyndan hijab meselesinde geçirimli bolmagy sorapdy.

Tähranyň häkimi Hossein Haşeminiň berýän maglumatyna görä, resmi rugsatnama alynmandygy sebäpli gürrüňi edilýän demonstrasiýa kanuna laýyk geçirilmändir.
XS
SM
MD
LG