Sepleriň elýeterliligi

​Rasmussen Putiniň sözlerini ret edýär


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen (Andres Fogh Rasmussen ) Russiýanyň Ukrainanyň araçägindäki goşunyny yza çekýändigi hakda bileleşikde heniz maglumatyň ýokdugyny ýene bir sapar mälim etdi. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bolsa gürrüňi edilýän territoriýadaky rus goşunynyň yza çekilendigini öňe sürýär.

Rasmussen 8-nji maýda Warşawada Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk bilen geçiren duşuşygyndan soň beren maglumatynda “henize çenli biz Russiýanyň öz goşunyny yza çekýändigini görkezýän hiç hili alamata duş gelmedik” diýdi.

Mundan öň Russiýanyň Daşary işler ministrligi Rasmusseniň goşunyň yza çekilýändigini “görmezlige” salýandygy barada maglumat ýaýradypdy. Şeýle-de, Rasmussen: “Men ähli zady gowy görýärin” diýdi.

7-nji maýda Putin Ukrainanyň araçäginde ýerleşdirilen 40 müň çemesi Rus goşunynyň yzyna, öz harby nokatlaryna dolanandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG