Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Donetsk: Referendum geçiriler


Ukrainanyň Donetsk şäherindäki Russiýa tarapdary separatistleriň liderleri öz ygtyýarlylygyňy kesgitlemek barada 11-nji maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan referendumyň amala aşjakdygyny mälim etdiler. Olar bu meseläni soňa goýmak barada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň eden çagyryşyna garamazdan dowam etdirýärler.

Öz-özüni ykrar eden “Donetsk halk respublikasynyň” “koordinasion komiteti” 8-nji maýda geçiren ýygnadyndan soň beren maglumatynda sebitiň Ukrainadan aýrylyp-aýrylmazlygy barada 11-nji maýda ses berişigiň geçiriljekdigini mälim etdi. Gürrüňi edilýän komitetiň bu ýygnagy ele salnan Ukrainanyň Donetsk şäherindäki hökümet binasynda geçirildi.

Özüni Donetsk separatist hereketiniň lideri diýip yglan eden Denis Puşlin “referendumyň 11-nji maýda geçiriljekdigini” aýtdy.

Putin 7-nji maýda Moskwada eden çykyşynda Ukrainanyň Donetsk we Lugansk regionlaryndaky separatist hereketleriň referendum geçirmek baradaky kararlaryny soňa goýmaldygyny belläpdi.
XS
SM
MD
LG