Sepleriň elýeterliligi

O.Saidzoda: "Premýer-ministri suda berjek"


Özbek aýdymçysy Ozoda Saidzoda.

Özbek aýdymçysy Ozoda Saidzoda.

Ýakynda Özbegistanyň meşhur aýdymçylarynyň biri Ozoda Saidzoda Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda özbek premýer-ministriniň garşysyna ýiti närazylyklaryny bildirip, ony suda berjekdigini ýazdy.

Saidzoda 1-nji maýda Twitter sosial ulgamynda "Jenap Mirziýoýew! Şunça ýyllap meniň ömrümi dowzaha öwreniňiz ýeterlik bolmadymy size? Indi öýüme ýapyşdyňyzmy? Siz üçin kanun ýokmy?" diýen tweeti paýlaşdy.

Bu wakadan soň Azatlyk Radiosy Twitterde gürrüňi edilýän meseleleriň anygyna ýetmek üçin tanymal aýdymçy Ozoda Saidzoda bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ozada Soidzada, siz Twitter sosial ulgamyndaky sahypaňyzda siziň öýüňize zyýan ýetirilýändigi barada maglumat ýazypsyňyz. Siziň öýüňize näme etjek bolýarlar? Bu barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Ozoda Saidzoda:
Men iki aýdan bäri şu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. Sebäbi meniň ýakynda täze albomym çykmaly. Şu sebäpden hem düşnüksiz wakalar bolýar. Men Akilow köçesindäki 10-njy howly jaýda ýaşaýaryn. Men Twitterde Mirziýoýewiň monopoliýasy barada öz garaýyşlarymy ýazyp başlanymdan soň, şu problemalar möwjäp başlady.

Men eýýäm iki aýdan bäri gazsyz otyryn, ýagny meniň öýümiň gazyny öçürip gitdiler. Men näçe ýyldan bäri şu ýerde ýaşaýaryn, ilkinji gezek şeýle zat bolýar. Ýagny, maňa döwlet Salgyt gullugyndan we gaz, tok edaralaryndan gelip, döwletiň ýerini özbaşyma, bikanun eýeländigimi aýdýarlar. Bu maňa ýöňkelýän töhmet we bolgusyz zat.

Azatlyk Radiosy: Siziň bu howlyňyz näçe sotka ýer we siz ony haçan satyn alypdyňyz?

Ozoda Saidzoda:
Meniň bu howlym sekiz sotka ýerde ýerleşýär. Men bu ýeri 2008-nji ýylda häkimiýetleriň gol goýmagy esasynda satyn alypdym. Emma häzirki wagtda häkimiýetler maňa şol sekiz sotka ýeriň iki sotkasyny bikanun eýeländigimi aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Bu mesele siz Şawkot Mirziýoýew barada tweet paýlaşyp başlanyňyzdan soň gozgaldymy ýa-da ondan öň hem bardymy?

Ozoda Saidzoda:
Aslynda bu mesele önden hem bardy. Sebäbi olar meniň hakykaty bilýänimi bilýärdiler. Şonuň üçinem maňa her dürli galp aýyplamalary ýöňkediler. Men kän bir köpçülige ýaýramasyn diýip, şu wagta çenli dymyp gelýärdim. Bu zatlar öňden hem bardy. Ýöne, bilýäňizmi, sesiňi çykarsaň, saňa garşy hemme zat üýtgeýär.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, Ozoda Saidzoda, gürrüňini edýän iki sotka ýeriň bahanadygyny, esasy mesele siziň Twitterde Mirziýoýew barada köpçülige aç-açan garaýşyňyzy ýazmagyňyz diýýäňiz. Siz näme üçin beýle pikir edýärsiňiz?

Ozoda Saidzoda:
Sebäbi meniň bu zatlary aýtmagymyň esasy bar. Men Mirziýoýewi 2002-nji ýyldan bäri ýakyndan tanaýaryn. Ony Samarkanda häkim bolanyndan bäri tanaýaryn. Men onuň eden işleri barada-da bilýärin we bular boş gürrüňler däl. Men ony suda berjek bolýaryn. Siz özüňiz hem bilýänsiňiz, bir adamy ýöne ýerden suda berip bolmaýar. Munuň üçin deliller we faktlar gerek bolýar. Meniň fakt [dokumentlerim] bar, şol sebäpden hem suda berýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz Mirziýoýewi haýsy suda berýärsiňiz?

Ozoda Saidzoda:
Häzirlikçe bu syr. Ýöne diňe şuny aýdaýyn Özbegistandaky sudlaryň hiç birine däl.

Azatlyk Radiosy: Ozoda Saidzoda siz birgiden zat barada bilýärin diýdiňiz. Näme bilýandigiňiz barada aýdyp biljekmi?

Ozoda Saidzoda:
Men onuň nädip häkimiýet başyna geçenini we şol sebäpli näçe adamyň ejir çekenini bilýärin. Meniň durmuşyma nähili zyýan ýetirenini, men bu zatlaryň ählisini bilýärin. Ýagny, [işiň] özüme degişli taraplarynyň ählisini bilýärin. Başga taraplaryny bilemok. Şonuň üçin mende faktlar hem ýeterlik.

Maňa garşy edilýän bu zatlaryň ählisi men Şawkot Mirziýoýewiň syýasatyna boýun bolmanym üçin bolýar. Bu waka 2001-nji ýylda Mirziýoýewiň hökümetiniň resmi aýdymçylar toparyna goşulmakdan ýüz öwrenimden soň başlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG