Sepleriň elýeterliligi

Oppozisiýa: reallyk we hyýallar


Türkmen aktiwistleriniň Wenada protest geçirýän pursatlary. 27-nji fewral, 2014.

Türkmen aktiwistleriniň Wenada protest geçirýän pursatlary. 27-nji fewral, 2014.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň häkimiýetlerini ilatyň syýasy-ykdysady azatlyklaryny, kanunda kepillendirilen raýat hukuklaryny basgylamakda yzygiderli tankyt edýärler.

Bu tankyda türkmen oppozisiýa wekilleri hem goşulýar. Şol bir wagtda oppozisiýa toparlarynyň Türkmenistanyň içinde açyk syýasy iş alyp barmak, öz syýasy partiýalaryny ýa hereketlerini döretmek mümkinçilikleriniň iş ýüzünde juda çäklidigi aýdylýar.

Emma ýurt daşyndaky oppozisiýa wekilleri öz hereketlerini döredip, daşary ýurt mediasy we sosial ulgamlar arkaly öz pikirlerini açyk aýdyp, syýasy meýdanda güýç synap bilýärler.

Ýöne muňa garamazdan, türkmen oppozisiýasynyň guramaçylyk taýdan gowşaklygy, olaryň ol ýa-da beýleki meselede häkimiýete täsir ýetirmekde, halk bilen ýygjam aragatnaşyk gurmakda, bilimli ýaşlary öz taraplaryna çekmekde uly bir netije gazanyp bilmeýändigi aýdylýar.

Eýsem türkmen oppozisiýasynyň nähili kynçylyklary bar? Olar bar bolan mümkinçiliklerden ýeterlik peýdalanyp bilýärlermi?

Biz nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligimizi şu meselä bagyşlmagy makul bildik.

Pikirleriňize, bellikleriňize, açyk söhbetdeşlige goşulmagyňyza garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG