Sepleriň elýeterliligi

​Taýland: Protestçiler basylyp ýatyryldy


Taýlandyň polisiýa işgärleri Bankokyň demirgazygyndaky polisiýa merkeziniň giňişligine girmäge synanyşan demonstrantlara gözýaşardyjy gaz ulandylar. Protestçiler hökümetiň häkimiýetden çekilmegini talap edýärler.

Ýurduň lukmanlary gürrüňi edilýän wakada tüsseden zäherlenip, 9-njy maýda dört adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Bu waka protestçileriň premýer-ministr Ýingluk Şinawatranyň (Yingluck Shinawatra) perwaýsyzlykda aýyplanyp, sud tarapyndan wezipesinden çetleşdirilmegini dabaralamak üçin paýtagt Bankokda ýöriş geçirýän pursadyna gabat geldi.

Ýinglukyň “Puea Thai” atly partiýasy heniz hem wagtlaýyn hökümetiň wezipesini ýerine ýetirýär we 20-nji iýulda saýlawlary geçirmegi planlaşdyrýar. Ýöne protestçiler hökümetiň häkimiýetden çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG