Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Özbek resmileri aýdym-saz älemini çäklendirýär


Özbegistanda sungat işgärleriniň resmi rugsatnama almazdan täze albomlary we aýdymlary çykarmagyny gadagan etjek täze düzgünleriň ýola goýulýandygy habar berilýär.

Bulara laýyklykda, aýdymçy islendik täze aýdymy ýazga geçirmezden ozal, resmilerden rugsatnama almaly bolar.

Bu rugsatnama Özbegistanyň aýdym-saz industriýasyna gözegçilik edýän “Özbeknawo” atly döwlet gullugy tarapyndan beriler.

“Özbeknawodaky” çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, bu çäre “ýeňil mazmunly aýdymlardan dynmak” maksady bilen amala aşyrylýar.

Özbek aýdymçylary gürrüňi edilýän rugsatnamany aljak bolsalar, “Özbeknawo” gullugyna her aýdym üçin 35 amerikan dollary tölemeli bolarlar.

Bu düzgüniň iýun aýynda resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG