Sepleriň elýeterliligi

​Owganystan: 100-den gowrak söweşiji öldürildi diýilýär


Owganystanyň Gazny welaýatyndaky harby hüjümde 100-den gowrak “Talyban” söweşijisi öldürilip, başga-da 90-a golaýy ýaralandy. Bu barada gürrüňi edilýän sebitiň ýerli we harby resmileri habar berýärler.

Ýurduň harby güýçleriniň metbugat wekili Nazif Sultani 9-njy maýda beren maglumatynda gürrüňi edilýän hüjümde öldürilen söweşijileriň arasynda asly pakistanly alty adamyň hem bardygyny mälim etdi. Gürrüňi edilýän hüjümler şu hepdäniň başynda başladylypdy.

Sultani gürrüňi edilýän hüjümde Owgan güýçlerinden adam ýitgileriniň ýokdugyny we durnuksyz welaýatdaky goranyş hüjümleriniň “güýçlendirilendigini” aýtdy.

“Talyban” hereketiniň ýaýradan beýanatynda bolsa adam ýitgileriniň bolandygy barada owgan resmileriniň çykaran maglumaty ret edilýär we Owgan güýçleri asuda ilata ot açmakda aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG