Sepleriň elýeterliligi

​Ukrainada güýçli çaknyşyklar boldy


Ukrainanyň gündogaryndaky Mariopol şäherinde ukrain güýçleri bilen Russiýa tarapdary söweşijileriň arasynda bolan güýçli çaknyşyklarda “terrorist” diýlip atlandyrylýan 20 adam öldürildi. Bu barada Ukrainanyň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Gürrüňi edilýän çaknyşyklar ukrain güýçleri Mariopol şäherindäki polisiýa merkezinden separatistleri çykarmaga synanyşandan soň bolup geçdi.

“Interfax” habar gullugynyň separatistlere salgylanyp berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän bina ot açmak üçin ukrain güýçleri bronly ulaglary ulanypdyrlar.

Ukrainanyň “Insider” onlaýn habar websahypasynda Russiýa tarapdary sekiz söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.

Ukrainadaky bu çaknyşyklar rusparaz aktiwistler bilen hökümetiň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyklara sebäp bolup biljek köpçülikleýin üýşmeleňlerden alada bildirilip, “Ýeňiş güni” dabaralary şowhunsyz bellenilýän mahaly bolup geçdi.

Emma muňa garamazdan, II jahan urşunyň tamamlanmagynyň 69 ýyllygyny bellemek üçin tutuş Ukrainanyň çäginde, şol sanda gündogarynda resmi däl üýşmeleňler geçirildi.
XS
SM
MD
LG