Sepleriň elýeterliligi

Mariupol: Güýçli çaknyşyk boldy


Polisiýanyň bölüminiň öňünde, Mariupol, 9-njy maý, 2014.

Polisiýanyň bölüminiň öňünde, Mariupol, 9-njy maý, 2014.

Orsýete tarapdar pitneçileriň we Ukrainanyň goşunlarynyň arasynda güýçli çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi. Ukrainanyň harbylary Mariupolda separatistleriň öz ellerinde saklaýan polisiýa bölüminiň edarasyny azat etmäge synanyşdylar.

Habar berlişine görä, Ukrainanyň harby güýçleri 9-njy maýda Mariupol şäherinde polisiýa bölümini öz gözegçiligine geçirmäge synanyşanda, separatist pitneçiler tarapyndan oka tutulypdyrlar.

Interfaks, separatistlere salgylanyp, bina hüjüm etmek üçin ukrain harbylarynyň bronlanan söweş ulaglaryny ulanandyklaryny habar berdi.

Ukrainanyň täzelikler websaýty orsýete tarapdar sekiz söweşijiniň öldürilendigini habar berdi.

Mariupol Ukrainanyň ýurduň günorta çäklerindäki transport merkezidir. Ýarym million ilatly bu şäheriň esasy binalary aprel aýynyň ortalarynda separatistler tarapyndan eýelendi.

Soňky iki günüň dowamynda Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we separatistleriň arasynda, özara çaknyşyklary durzup, dörän ýagdaýdan uruşsyz baş alyp çykmak üçin ençeme gepleşikler geçirildi.

Ýeňiş baýramynyň bellenişi

Ukrainada 9-njy maýdaky Ýeňiş baýramyny çäkli derejede geçirmek kararyna gelindi, emma, muňa garamazdan, Mariupolda ýaragly çaknyşyklar ýüz berdi. Häkimiýetler, orsýete tarapdar güýçler bilen ukrain watançylarynyň arasynda çaknyşyklara getirip biljek köpçülikleýin üýşmeleňleri çäklendirip, bu howpuň öňüni almakçy bolupdylar. Emma Mariupolda ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak başartmady.

Ukarinanyň ähli künjelklerinde bu gün Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 69-njy ýyllygyna bagyşlanan resmi däl parahat ýörişler we ýygnanyşyklar bolup geçdi.

Ikinji jahan urşunyň weteranlary Donetskiniň Ýeňiş ýadygärliginiň öňünde jemlenip, gül goýdular we Ukrainanyň milli gimnini diňlediler.

Separatistleriň gözegçiligindäki Lugansk şäherinde weteranlar özüni Lugansk halk respublikasy diýip jar eden adamlaryň baýdaklarynyň astynda ýöriş geçirdiler.

Odessada orsýete tarapdar 70 çemesi separatistlerden yabarat topar şäher profsoýuzlarynyň binasyna baryp, geçen hepdede ukrain watançylary bilen arada bolan çaknyşyklarda ölen onlarça adamyň hatyrasyna döredilen ýadygärlige gül goýdular.

Döwlet telewideniýesiniň garşysyna edilen “diwersiýa”

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy (SBU) 9-njy maýda döwlet telegepleşikleriniň daşary ýurt “diwersantlary” tarapyndan ençeme sagatlap kesilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Wiktoria Syumar döwlet telewideniýesine signallary iberýän aragatnaşyk optiki süýümli kabelleriň paýtagtyň çäklerinde bir ýerde bilkastlaýyn otlanandygyny aýtdy.

Ýogsa, ilkibaşda Kiýew şäheriniň häkimligi, ýerasty kabellerde dörän gysga utgaşma zerarly ýangyn bolup, agzalýan aragatnaşyk simlerine zeper ýetendigini aýdypdy.

Döwlet telewideniýesi Ýeňiş baýramy baradaky gepleşigikleri gysga wagtda gaýtadan dikeltmegiň hötdesinden geldi.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 8-nji maýda eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ýeňiş baramy bilen baglylykda Kiýewi abraýdan düşürmek üçin hereket etmegi planlaşdyrýar diýen pikirdedigini mälim etdi.

Referendum

Ýatsenýuk 9-njy maýda Kiýewde žurnalistleriň Ukrainanyň we Orsýetiň arasyndaky dartgynlylyk barada berlen sowala şeýle jogap berdi: “Orsýet henizem ýagdaýy dartgynlaşdyrmaga synanyşýar, emma biz ýagdaýy köşeşdirmek üçin elimizde baryny etmäge we doly manyda problemalary çözmäge çalyşýarys. Terrorçylary we zulum edýänleri biz jogapkärçilige çekeris, emma biz iki hepde mundan öň milli derejede dialoga başladyk, biz ýurduň jebisleşjegine ynanýarys”.

Ýatsenýugyň bu çykyşy Donetskde we Luganskda orsýete tarapdar separatistleriň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň agzalýan referendumy yza tesdirmäge çagyrandygyna garamazdan, ony barybir 11-nji maýda geçirmek planyndan el üzmeýändiklerini aýdansoňlar, köpçülige ýetirildi. Putiniň metbugat wekili, belli bir karara gelmek üçin, Kremle gözgalaňçylaryň bu karary barada has köp maglumatyň gerekdigini aýtdy

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG