Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Smartfon we adam eli.

Smartfon we adam eli.

Türkmen aýdymçylarynyň aglabasynyň wideokliplerini ýazga düşürýän Şatlyk Sopyýewyň "VKontakte" sosial ulgamyndaky (Shatlyklip) sahypasynda berilýän maglumatlara görä, aýdymçy Maksat Kakabaýewiň, ýagny Maronyň täze aýdymlary köpçülige hödürlenýär. Websahypadaky maglumata görä, bu aýdymlar Maronyň "Ynananok" we "Aýlanaý" atly aýdymlarydyr.

“VKontakte”

Türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlaryndaky işjeňligi baradaky maglumatymyzy “VKontakte” sosial ulgamy bilen dowam etdirip, ulgamda “Çärjewde diňlenen” atly toparyň paýlaşan pikir soralyşygy agzalaryň ünsüni özüne çekipdir. 6-njy maýda açylan bu pikir soralyşyk 9-njy maýa çenli jemi 113 adam ses beripdir we tema 26 sapar hem halanypdyr.

Pikir soralyşykda: “Deň-duşlar, meniň şu taýda, ýagny sosial ulgamda özüme gelinlik, ýagny ýanýoldaş gözlemegime degýärmi? Şu ýerde bildiriş bermegime degýärmi!? Ejem-kakam eýýäm gyssap başlady” diýip, bu sözleme ýylgyrma alamaty bilen jemläpdir.

Gepiň gysgasy, bu aýdylandan belli bolşuna görä, “Çärjewde diňlenen” atly topar “sosial ulgamlarda özüňe ömürlik ýanýoldaş tapyp bolarmy?” diýen soraga jogap tapmaga synanyşýar.

Gürrüňi edilýän topar bu pikir soralyşykda üç jogap ýerleşdiripdir. Jogaplaryň birinjisinde: “Elbetde, bärde, ýagny sosial ulgamda biziň gowy gyzlarymyz bar”, ikinji jogapda bolsa: “Sen täsin adam”, jogaplaryň üçünjisinde: “Gyzy hakyky durmuşda gözle” diýen maslahat ýa-da sosial ulgamda öýlenmek üçin gyz gözlejek adamyň täsindigi baradaky garaýyş ýerleşdirilipdir.

Elbetde, pikir soralyşygyň haýsy jogabynyň iň köp sesi alandygyny siziň hem bilesiňiz gelýändir. Ilki bilen iň az ses alan jogapdan başlaýarys. 9-njy maýdaky netijelere görä, “Elbetde, bärde, ýagny sosial ulgamda biziň gowy gyzlarymyz bar” atly jogaba 29 adam ses berip, ol jogap sesleriň 25,7%-ni alypdyr. Ikinji orny “Sen täsin adam” atly jogap eýläpdir we oňa 34 adam ses beripdir, netijede bu jogap sesleriň 30,1%-ni alypdyr.

Belki, siz hem aňansyzňyz, bu pikir alşykda, elbetde, birinji orny “Gyzy hakyky durmuşda gözle” diýen maslahat eýeläpdir. Bu maslahaty goldap 50 adam ses beripdir we ol sesleriň 44,2%-ni alypdyr.

“Ertir.com”

Türkmen ýaşlarynyň internetiň sosial ulgamlaryndaky işjeňligi baradaky gürrüňimizi “Ertir.com” bilen dowam etdirýäris. Bu sosial ulgamda Abu Ibn Hasan atly agza tarapyndan paýlaşylan tema agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Onuň 3-nji maýda “Näme üçin öz söýýän gyzyňa öýlenmek bolanok?” diýen sorag bilen gozgan temasy 9-njy maýa çenli 1 müň 165 sapar okalypdyr we 34 gezek hem halanypdyr.

Jemi 76 sany teswire mynasyp bolan bu temada şeýle diýilýär: “Salam dostlar we ertirdeşler, men bir gyz bilen esli wagtdan bäri söýşüp gelýän. Ol gyz owadan, görmegeý, alçak. Emma meniň enem-atam onuň bilen aýrylyşmagymy isleýär. Sebäbi gyzyň ejesi tenini satýar, häzirem dowam edip ýör diýýärler. [Gyzyň] kakasy bilen ejesi aýrylyşan, gyz kakasy bilen ýaşaýar. Iki sany gelnejesiniň elinde terbiýe alan, şu pikir ýatsam-tursam kellämde. Men näme etmeli?”

Abu Ibn Hasan atly agzanyň bu soragyna ilkinji bolup, Köçeli atly agza teswir ýazypdyr. Ol öz teswirinde: “Men bolsam-a [gyzy] almazdym” diýipdir.

Munuň yz ýany Köçeli atly agzanyň bu jogaby bilen baglanyşykly Tilki atly agza: “Näme üçin almazdyň? Ejesi şeyle diyip, gyzynda näme günä bar? Yslam dinini kakasy kabul etmese-de, ogly kabul edipdirler. Çaga 100% ejesine ýa kakasyna meňzemeli diýen zat ýok. Söýýyänleri aýra salmak günädir” diýip, öz pikirini anyk beýan edipdir.

Gugy atly agza: “Ene-ataň diýenini et” diýip, maslahat berse, Gowşut atly agza bolsa: “Üç aýakdan özüňi as. Söýgi üçin özüňi pida et. Soň, her kim seni görüp, söýüşýänlere azar bermezler ýaly” diýip, pikirini galdyrypdyr.

Bu temada agzalaryň ujypsyzja bölegi söýgi ugrundan maslahat sorana söýýän gyzyna öýlenmegi maslahat berse-de, pikir alşyga gatnaşanlaryň aglabasy, edil Ýartygulak agzanyňky ýaly, “Enesini gör-de, gyzyny al” diýen nakyla uýup, gyza öýlenmezligi maslahat beripdirler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG