Sepleriň elýeterliligi

"Türkmen esgerleri gün berenok"


Türkmen esgerleri, Türkmenabat, 5-nji oktýabr, 2013.

Türkmen esgerleri, Türkmenabat, 5-nji oktýabr, 2013.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Badgys welaýatynyň ýaşaýjylaryndan ençemesi Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna jaň edip, Türkmenistanyň serhetçileriniň olara azar berýändiklerini aýtdy we Owganystanyň hökümetini olar hakda alada etmäge çagyrdy.

Serhetýaka etraplarynda ýaşaýan şol raýatlardan biri, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň ýurduň dürli welaýatlarynyň problemalaryna syn edip taýarlaýan gepleşigine jaň edip, göni efirde beren maglumatynda şeýle diýdi:

“Bu biziň watanymyz, emma Türkmenistanyň esgerleri bizi günümize goýanok. Owganystanyň hökümeti biziň aladamyzy etmeli. Sebäbi olar biziň mallarymyzy alyp gidýärler. Biziň ýaşaýan etrabymyzda Türkmenistan bilen aralykda bir ada bar. Biz ol ýerde mal-garamyzy bakýarys, emma Türkmenistanyň esgerleri mallarymyzyň ählisini alyp gitdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna jaň eden bir ýaşaýjy gürrüň berýär.

"Türkmen esgerleri Owganystana girdi"

Özüniň Owganystanyň Badgys welaýatynyň Gormaç etrabynyň ýaşaýjysydygyny aýdýan Muhammet Gül atly ýene bir owganystanly bolsa, Türkmenistanyň esgerleriniň 50 kilometre çenli Owganystanyň topragyna aralaşandygyny gürrüň berýär.

Owganystanyň Badgys welaýatynyň häkimi Ahmadylla Alizaý hem bu şikaýatlardan habarynyň bardygyny aýdyp, bu barada diplomatik ýollar bilen çäre görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda ol şeýle diýýär:

“Aýdylýan gürrüňleriň jany bar. Emma men bu meseleler barada metbugatda çykyş edip, onuň jikme-jigi barada maglumat berip biljek däl. Aýdyp biläýjek zadym, hawa, meniň bu ýagdaýlardan habarym bar we Owganystanyň Daşary işler ministrligine bu barada habar berildi. Bu barada gysga wagtyň içinde ösüş bolar diýip pikir edýärin, mundan başga aýdyp biljek zadym ýok” diýip Owganystanyň Badgys welaýatynyň häkimi Amadylla Alizaý aýtdy.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bolsa munuň serhede degişli bir meseledigini aýdyp, Owganystanyň serhet gullugy bilen aragatnaşyk gurulmagyny maslahat berdi.

"Size gowşan habar nädogry"

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sediki bolsa, Türkmenistanyň esgerleriniň Owganystanyň territoriýasyna girendigi baradaky habarlary ret etdi:

“Serhet bilen baglanşykly hiç hili problema ýok we olaryň araçägi geçip, owgan topragyna girendigi barada size gowşan habar nädogry” diýip, Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sediki aýtdy.

Ol aýratynam iki ýurduň serhetçileriniň arasynda kadaly hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini, bu ýagdaýyň Owganystanyň Badgys hemem Herat welaýatlarynda hasam öwerliklidigini belledi.

Mundan ozal Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýap hemem Jöwuzjan welaýatlarynyň käbir ýaşaýjylary hem Türkmenistanyň serhetçileriniň şol welaýatlara degişli owgan topragynda goýun bakýan maldarlara azar berýändigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna ençeme gezek ýüz tutdylar.

Esasanam Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän, Türkmenistan bilen serhetdeş Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary Amyderýanyň öz akymyny üýtgedip, owgan topraklaryny opurmagy netijesinde derýanyň ortasynda dörän adalara goýun bakmak üçin baran çopanlaryň Türkmenistanyň serhetçileri tarapyndan tussag edilip, olaryň dürli gynamalara sezawar edilýändigini gürrüň beripdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG