Sepleriň elýeterliligi

BMG gyz ogurlygyny ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Nigeriýadaky yslamçy jeňçileriň ýüzlerçe okuwçy gyzy alyp gaçmagyny ýazgardy.

Boko Haram 14-nji aprelde demirgazyk-gündogar Nigeriýada 250-den gowrak okuwçy gyzy ogurlamagyň arkasynda özüniň durandygyny aýtdy we ol gyzlary gyrnakçylyga satjak diýi, haýbat atdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 9-njy maýda ol gyzlaryň derhal boşadylmagyny talap etdi we pitneçilere garşy çäre görjegini aýdyp, haýbat atdy.

Boko Haramyň bäş ýyllyk pitnesi häzirki zaman Nigeriýasynda orta asyr yslam halyfatyny gaýtadan gurmagy maksat edinýär.

170 million ilatly ýurt deňeçerräk ýagdaýda hristianlardan we musulmanlardan durýar.
XS
SM
MD
LG