Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Donetsk: "Gyzyl haj" agzalary saklandy


Rus we Günbatar habar gulluklary 10-njy maýda Ukrainanyň pitneçileriň elindäki Donetsk şäherinde halkara «Gyzyl haç» guramasynyň ýedi agzasynyň, içalyçylykda güman edilip, tussag edilendigini aýdýarlar.

Özüni özi jar eden «Donetsk halk respublikasynyň» sözçüsi Kiril Rudenko AFP habar gullugyna bu toparyň 9-njy maýda tutulandygyny aýtdy.

Ýerli, “Nowosti Donbassa» websaýtynyň maglumatyna görä, şahsyýeti bilinmeýän ýaragly adamlar «Gyzyl hajyň» Donetskdäki ofisine girip, ýedi adamy tussag etdi.

Olaryň biri fransiýaly, üçüsi ýerli, üçüsi bolsa kiýewli.
XS
SM
MD
LG