Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ÝYB-niň öňüni baglamaz


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Orsýet bilen nebit önümleri baradaky borçlar üstünde barýan dawany çözensoň, öz ýurdunyň Ýewroaziýa Ykdysady Bileleşigini döretmek baradaky ylalyşyga gol çekmegiň öňüni baglamajagyny aýtdy.

Lukaşenko ozal, eger häzirki söwda çäklendirmeleri, şol sanda nebit önümleri babatdaky çäklendirmeler aýrylmasa, bu gol çekişligiň öňüni baglajagyny aýdyp, haýbat atypdy.

Lukaşenko 9-njy maýda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Kreml Belarusa şu aýda 2 milliard dollar karz berdi diýdi. Minsk eýýäm ýanwarda 450 million dollar rus karzyny aldy.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini döretmek şertnamasy Gümrük bileleşigine esaslanýar we bu bileleşige Belarus, Gazagystan we Orsýet girýär.

Täze bileleşigi döretmek baradaky ylalaşyga 29-njy maýda, gazak paýtagty Astanada gol çekilmeli.
XS
SM
MD
LG