Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Pakistany derňewe çagyrýar


Birleşen Ştatlar Pakistany adam hukuklaryny goraýan aklawçynyň ödürilmegini hemme taraplaýyn derňemäge çagyrdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Waşingtonyň "Raşid Rehmanyň öldürilmegine gaty gamgyn bolandygyny» aýtdy.

Rehman 7-nji maýda öz Penjab welaýatyndaky edarasynda iki sany näbelli adam tarapyndan atylyp öldürildi. Rehman Pakistanyň Adam hukuklary komissiýasynyň kordinatordy.

Baýry aklawçy hudaýa dil ýetirmekde aýyplanan müşderä wekilçilik edýärdi. Ol bu iş boýunça ölüm haýbatlarynyň atylýandygyny aýdypdy.

Pakistandaky kanun firmalary Rehmanyň öldürilmegine protest hökmünde iş taşladylar.
XS
SM
MD
LG