Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Putini tankytlaýar


Günbatar Kiýewiň Wladimir Putin baradaky tankydyna goşuldy, bu goşulyşma Putiniň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Kryma eden ilkinji saparyndan soň boldy.

Putiniň ýarymada sapary Ikinji Jahan Urşunda nasistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň şanyna tutulýan 9-njy maý baýramçylygyna gabat geldi.

Putin märekäni Krymyň Orsýete goşulmagy netijesinde «taryhy adalatyň» dikeldilmegi bilen gutlady.

Birleşen Ştatlar bu saparyň "prowokatiw" bolandygyny aýtdy. Ýewropa Bileleşigi Putiniň Ikinji Jahan Urşunyň ýatlama gününi anneksiýanyň dabaralandyrylmagy üçin ulanmaly däldigini aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bu sapary «ýerliksiz» diýip atlandyrdy.

Gündogar Ukrainada, Mariupol şäherinde howpsuzlyk güýçleri orsýetçi separatistler bilen çaknyşýarlar.

Regional häkimiýetler «terrorçylara garşy operasiýalar» mahalynda 7 adamyň öldürilendigini, 39 adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG