Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Mariupolda dartgynlylyk ýokary


Ukrain esgeri barlag nokadynda dur. Mariupol, 9-njy maý, 2014.

Ukrain esgeri barlag nokadynda dur. Mariupol, 9-njy maý, 2014.

Ukrainanyň gündogar şäheri Mariupoldaky dartgynlylyk 10-njy maýda, howpsuzlyk güýçleri bilen orsýetçi jeňçileriň arasynda bolan ganly çaknyşyklardan bir gün soň hem dartgynly bolmagynda galýar.

Şäherdäki žurnalistler şäherdäki atyşyklaryň we çaknyşyklaryň gaýtadan başlanandygyny aýdýarlar.

Mariupolyň polisiýa başlygy Waleriý Androşçugyň nämälim adamlar tarapyndan urlup-çenjilendigi we alnyp gaçylandygy barada habarlar peýda boldy.

Ukrain goşunlary 9-njy maýda ýerli polisiýa edaralaryny basyp alan separatist pitneçileriň garşysyna reýde başlady.

Içeri işler ministri Arsen Awakow söweşde 20 jeňçiniň we bir polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy. Onuň maglumatyna görä, ýene dört polisiýa ofiseri ýaralanypdyr we dört pitneçi hem ýesir alnypdyr.

Sebitiň saglyk resmileri ölenleriň sanynyň 7, ýaraly bolanlaryň bolsa 39 bolandygyny aýtdylar.

Mariupol häkimiýetleri 10-njy maýy ýas güni diýip yglan etdiler.

Ukrainanyň Milli gwardiýasy, mundan aňryk gandöküşikligiň öňüni almak üçin, özüniň goşun bölümlerini Mariupoluň merkezinden çykarandygyny aýtdy.

Milli gwardiýanyň resmi websaýtynda «Ukrian Milli gwardiýasynyň komandirleri we esgerleri şäherdäki ýagdaýy durnuklylaşdyrmak üçin ellerinde bar bolan ähli zady edýärler» diýilýär.

Kiýewdäki hökümet özüniň, pitneçileri gündogardaky Orsýete ýaplanýan ondan gowrak şäherde, basyp alan esasy hökümet we polisiýa edaralaryndan çykarmak üçin, «terrorçylara garşy operasiýa» geçirýändigini aýdýar.

Iş başyndaky prezident Oleksandr Turçinow 10-njy maýda öz hökümetiniň, milli dialogy ilerletmek kampaniýasnyň bir bölegi hökmünde, gündogar Ukrainanyň wekilleri bilen gepleşik stolunyň başyna geçmäge taýýardygyny aýtdy. Emma ol Kiýewiň «terrorçylar» bilen gepleşmejegini hem sözüne goşdy.

Gündogar Donetskde we Luhanskde 11-njy maýda dawaly garaşsyzlyk referendumlaryny geçirmekligiň bellenilmegi dartgynlylygy has-da güýçlendirdi.

Bu ses berişlik, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň referendumlary soňa goýmak baradaky çagyryşyna garamazdan, Donetsk we Luhansk sebitleriniň özlerini lider diýip jar eden ýolbaşçylary tarapyndan gurnalýar.

Wideo: Putin Krymyň "watana" dolanmagyny dabaralandyrýar


Kiýew we Günbatar gündogar Ykrainada geçiriljek referendumlary ykrar etmejeklerini aýtdylar.

Germaniýa we Fransiýa 10-njy maýda iki tarapy hem bikanun ýaragly toparlary dargytmaga we zorlukdan saklanmaga çagyrdy.

German kansleri Angela Merkel bilen fransuz prezidenti Fransua Olland, eger Ukrainanyň prezident saýlawlary planlaşdyrylyşy ýaly geçirilmese, Orsýete garşy has kän sanksiýalaryň giriziljegini aýdyp, haýbat atdylar.

Şeýle-de olar Orsýeti ukrain serhedindäki goşunlaryny has görnetin azaltmaga we 25-nji maýdaky prezident saýlawlaryndan öň «hüjümli hereketlerden saklanmaga» çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG