Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Separatistler referendum geçirýär


Ukrainanyň gündogaryndaky rus dilli regionlaryň ikisi 11-nji maýda referendum geçirýär.

Luhansk we Donetsk regionlarynyň ses beriş býulletenlerinde saýlawçylardan olaryň «öz-özüňi dolandyryşy» goldaýandygy ýa däldigi soralýar.

Bu referendumlar gozgalaňçy hereketler tarapyndan geçirilýär we ne Kiýew, ne-de Günbatar tarapyndan kanuny hasaplanýar.

Bu ses berişlik Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň referendumlary soňa goýmak baradaky çagyryşyna garamazdan geçirilýär.

Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow bu ses berişligiň «girdaba tarap ädimdigini» duýdurdy.

Turçinow hökümetiň gündogaryň wekilleri bilen gepleşik geçirmek isleýändigini, emma «terrorçy» atlandyrylýan adamlaryň hiç biri bilen gepleşmejegini, sebäbi olaryň maksadynyň «ýurdy weýran etmekdigini» aýtdy.

Wideo: Luhansk: Separatistler referendum geçirýär

Analistler gyssanmaçlykda geçirilýän referendumlaryň mart aýynda Krymda geçirilen we Ukrainadan bölünmegi tassyklan ses berişlige çalymdaşdygyny aýdýarlar.

Krymda geçirilen referendumdan birnäçe gün soň Krym Orsýet tarapyndan resmi görnüşde anneksiýa edildi.
XS
SM
MD
LG