Sepleriň elýeterliligi

"Birleşigi deslapdan rugsat alman düzübermeli"


Hökümetden aýry guramalaryň wekilleriniň Aşgabatdaky duşuşygyndan bir görnüş

Hökümetden aýry guramalaryň wekilleriniň Aşgabatdaky duşuşygyndan bir görnüş

Türkmen metbugatynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky kanuny çap edildi. Bu kanuna prezident G.Berdimuhamedow 3-nji maýda gol çekipdir.

Bu kanunyň, Türkmenistanyň Baş kanunyna laýyklykda, raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek hukuklaryny amala aşyrmaga gönükdirilendigi we olaryň işiniň guramaçylyk-hukuk esaslaryny kesgitleýändigi, şeýle-de bu pudakdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýändigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik birleşikler hakyndaky kanun Türkmenistanda ozal hem bardy. Emma resmi Aşgabat halkara hukuk toparlary tarapyndan raýatlaryň syýasy hukuklaryny çäklendirmekde tankyt edilip gelinýär. Şonuň bilen bir hatarda ýurtda raýatlaryň öz inisiatiwalary esasynda döredilýän jemgyýetçilik birleşikleriniň köpelibermeýändigi aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky kanunyň täze redaksiýasynda öňki kanuna görä nähili üýtgeşmeler we täze çemeleşmeler bar?

Azatlyk radiosy bu barada aşgabatly raýat aktiwisti, ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG