Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama gyz ogurlugygyny ýazgarýar


Mişel Obama (Michelle Obama) 10-njy maýda Nigeriýada 200-den gowrak okuwçy gyzyň yslamçy jeňçi topar «Boko Haram» tarapyndan alnyp gaçylmagyny «wyždansyz bir hereket» hökmünde ýazgardy.

Birleşen Ştatlaryň birinji hanymy, öz adamsy, prezident Barak Obamanyň deregine, hepdelik radio we internet ýüzlenmesi bilen çykyş etdi.

Ol gyzlaryň alnyp gaçylmagynyň «uly adamlaryň ýaş gyzlaryň arzuw-isleglerini öçürmek synanyşygy» bolandygyny aýtdy.

Obama özüniň we ýanýoldaşynyň 15-nji aprelde gyzlaryň öz umumy ýaşaýyş jaýlaryndan alnyp gaçylmagyna «juda gaharlanandyklaryny we gynanandyklaryny» aýdyp, «Barak we men ol gyzlarda öz gyzlarymyzy görýäris» diýdi.

«Boko Haramyň» lideri ol gyzlary satmagy niýet edinýändigini aýtdy.

Obama Eneler gününiň öňüsyrasynda çykyş edip, «Nigeriýa seýrek hadysa däl» we gyzlar bütin dünýäde bilim aljak bolanda kynçylyga uçraýar diýdi.
XS
SM
MD
LG