Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda ýykylan diwar 18 adamy öldürdi


Hytaýyň döwlet mediasy ýykylan diwaryň 18 adamy öldürip, üç adamy ýaralandygyny habar berýär.

Bu betbagtçylyk 11-nji maýda, gündogardaky Kiňdao şäherinde, gaýtadan işleýän zawodda bolupdyr.

Kiňdaonyň hökümet maglumaty edarasynyň aýtmagyna görä, ýykylan diwar içinde 40 işçi toplanan jaýyň üstüni basypdyr.

Häkimiýetler bu hadysanyň sebäbini derňeýärler. Gündogardaky kenarýaka regionda soňky günler agyr ýagyş ýagdy.
XS
SM
MD
LG