Sepleriň elýeterliligi

Owganystan hemra ylalaşygyna gol çekýär


Owganystan 10-njy maýda özüniň ilkinji hemrasyny, AFGHANSAT 1-i ulanmaga başlady.

Bu hemra ýurda radio-telegepleşik, telekommunikasiýa, halkara baglanyşyk ýaly bir topar hyzmat mümkinçiligini berýär.

Owgan hökümeti Ýewropanyň hemra operatory Eutelsat bilen orbitada hemra ýerleşdirmek boýunça şertnama gol çekdi.

Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministri Amirzai Sangin munuň Owganystanyň radio-telegepleşikler we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek üçin ädilen «taryhy ädim» bolandygyny aýtdy.

Sangin Kabulyň bu hemrany ýylda 4 million amerikan dollaryna kireýine alandygyny we ondan ýylda 15 million dollar gazanmakçydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG