Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: $200 milliard gizlengi


Pakistanyň maliýe ministri Ishak Dar (Ishaq Dar), şweýsar hökümetiniň we bank resmileriniň beren sanlaryna salgylanyp, pakistanlylaryň şweýsar bank hasaplarynda bikanun ýagdaýda 200 milliard çemesi dollar saklaýandyklaryny aýtdy.

Daryň Milli assambleýa 9-njy maýda beren ýazmaça jogabynda "Credit Suisse AG-yň" direktorlarynyň biri diňe öz bankynda 97 milliard dollarlyk maýanyň depozit edilendigini görkezdi" diýilýär.

Şeýle-da Dar pakistan parlamentine Şweýsariýanyň ozalky daşary işler işler ministri Mişlin Kalmi-Reýiň (Micheline Calmy-Rey) Pakistanyň şweýsar bank hasaplarynda gizlenen puly 200 millard dollar çemesi diýendigini ýazdy.

Dar bu meseläniň haýal etmän çözülmelidigini aýtdy we Pakistanyň daşarky bergisiniň 150 milliard dollar çemesidigini belledi.

Pakistanda korrupsiýa we salgytdan gaçmak esasy problemalar bolup durýar.
XS
SM
MD
LG