Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýa düşündiriş isleýär


Rumyniýa Orsýetiň uly derejeli Kreml resmisiniň haýbatly sözleri üçin düşündiriş bermegini isleýär.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Ragozin Rumyniýa onuň uçaryna öz howa giňişligine girmegi gadagan edeninden soň, özüniň strategiki bombaça öwrüljekdigini aýtdy.

Ragozin 10-njy maýda Twitterde beýanat çap etdi. Onuň uçary Moldowanyň bölüniji Transdinestr regionyndan dolanyp gelýärdi.

Ragozin Moskwanyň Ukrainadaky agressiw hereketleri üçin Günbatar tarapyndan syýahat gadaganlygy sanawyna girizilen resmileriň biri bolup durýar.

Rumyniýanyň Daşary işler ministrligi Moskwadan Rogoziniň sözleriniň «Orsýet Federasiýasynyň ÝB we NATO agzasy bolan Rumyniýa babatdaky resmi pozisiýasydygyny ýa däldigini» aýdyňlaşdyrmagyny sorady.

Şeýle-de ministrlik Ragoziniň twitiniň «häzirki regional mazmunda örän düýpli beýanatdygyny» aýtdy.
XS
SM
MD
LG